World News in Turkmen

Rus raýaty ABŞ-da Orsýete bikanun ýarag böleklerini eksport etmekde aýyplandy

58 ýaşyndaky rus raýaty Birleşen Ştatlarda Orsýete bikanun ýarag böleklerini eksport etmekde aýyplandy we günäli tapylsa, 20 ýyla çenli türme tussaglygy bilen ýüzbe-ýüz bolar.


Birleşen Ştatlaryň Nýu-Ýorkuň günorta etrabyndaky prokuratura edarasy güman edilýäniň adyny Wladimir Kuznetsow diýip tanatdy, ol ABŞ-nyň green kardynyň eýesi bolup, 2011-nji ýyldan bäri ABŞ-da ýaşaýar.


“Kuznetsowyň, iberilýän ýarag bölekleriniň atlaryny dogry gökezmän, Orsýete ok atýan ýaragyň böleklerini, şeýle-de olary birleşdiriji bölekleri iberendigi aýdylýar” diýip, ABŞ prokuraturasynyň 6-njy awgustdaky beýanatynda aýdylýar. 


Polisiýa Kuznetsowy Pensilwaniýada, Dingmans Ferride 6-njy awgustda tussag etdi we ony Brukline, Nýu-Ýorka alyp gaýtdy. Sudýa Sanket J. Bulsara ony ýarag böleklerini bikanun eksport etmekde, eksport etmäge synanmakda, ýarag böleklerini we detallaryny eksport etmek boýunça dil düwüşmekde aýyplady.

 

Читайте на сайте