World News in Turkmen

Aziýa ösüş banky Türkmenistan boýunça täze direktoryny belledi

Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistan boýunça direktorynyň wezipesine Si Si Ýo bellenildi diýip, bankyň resmi saýtynda habar berilýär.


Ol AÖB-nyň Türkmenistan babatdaky işlerine ýolbaşçylyk eder, bankyň hyzmatdaşlyk edilýän ýurt boýunça 2021-nji ýyla çenli döwri öz içine alýan strategiýasyny durmuşa ornaşdyrar.


Esasy üns ýurduň transport we energiýa pudaklarynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, şeýle-de saglygy saklaýyş, bilim we azyk önümleriniň howpsuzlygy meselelerine gönükdiriler diýip, habarda aýdylýar. 


Ýo Kanadanyň raýaty we ylymlaryň doktory derejesi bar, ol AÖB-da 2000-nji ýyldan bäri işleýär, 2012-2017-nji ýyllarda bankyň Täjigistan boýunça direktory bolup işledi.


AÖB Türkmenistan bilen 2000-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edýär we ýurtda ykdysadyýeti dürlüleşdirmäge, sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. 


1966-njy ýylda döredilen we garyp-gasarlygy ýok etmegi maksat edinýän AÖB 68 ýurtda işleýär we olaryň 49-sysy Aziýa-Ýuwaş okean sebitine degişli. 

 

Читайте на сайте