World News in Turkmen

Pakistan Hindistan bilen aradaky iň soňky awtobus gatnawyny kesdi

Pakistan Hindistan bilen aradaky iň soňky jemgyýetçilik transporty baglanyşygyny, Lahor bilen Nýu-Deliniň arasyndaky awtobus gatnawyny hem kesendigini aýdýar. Iki sany ýadro ýaragly basdaşyň arasynda iki bölünen Himalaý sebitindäki Kaşmir üstündäki gahar-gazap güýçlenýär.


Pakistanyň Syýahatçylygy ösdürmek korporasiýasynyň syýahat resmisi Arşad Ali 10-njy awgustda “Roýters” habar gullugyna hökümetiň her gün diýen ýaly Lahordan ugraýn awtobus gatnawyny togtatmak hakynda görkezme berendigini aýtdy.


Yslamabat Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modiniň hindi milletçileriniň agalygyndaky hökümetiniň 5-nji awgustda Kaşmiriň ýörite konstitusiýa durumyny we döwletliligini ýatyrýandygyny yglan etmegine gahar-gazap bildirdi.

Читайте на сайте