World News in Turkmen

Makron Modini Kaşmirdäki ilatyň hukuklaryny sylamaga çagyrdy

Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron Hindistanyň premýer-ministri Nerendra Modä ýüzlenip, Parižiň Kaşmirdäki ýagdaýlary ýakyndan yzarlaýandygyny aýtdy, şeýle-de ony Gimalaýlaryň bölünen sebitiniň iki tarapyndaky adamlaryň hem hukuklaryny sylamaga çagyrdy.


Makron bu barada 22-nji awgustda Parižiň eteginde Modi bilen geçiren duşuşygyndan soň aýtdy.


Makron öňümizdäki günlerde Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan bilen bu mesele boýunça gepleşjekdigini mälim etdi.


5-nji awgustda Hindistan Kaşmiriň özüniň gözegçilik edýän sebitiniň ýörite statusyny ýatyrýandygyny yglan edeninden soň, dartgynlylyklar ýitileşip başlapdy.

Читайте на сайте