World News in Turkmen

Polşa, Ukraina ÝB sudunyň "Gazrpmyň" Demirgazyk akyma elýeterliligini kemeltmegini gutlaýar

“Gazprom” 10-njy sentýabrda Germaniýa bilen özüniň “Demirgazyk akym” geçirijisini baglaýan Opal geçirijisi arkaly gaz ibermeginiň azaldylmagy barada 10-njy sentýabrda çykarylan sud kararynyň kanuny we söwda netijelerini analiz edýändigini aýtdy. Bu barada “Roýters” habar berýär.


Bu beýanatda ÝB-niň Lýuksemburgdaky ýokary sudunyň ýarysy “Gazpromyň” eýeçiliginde bolan Opaldan akdyrylýan gaza girizilen çäklendirmäni dikeltmegi barada gürrüň edilýär.


ÝB-niň Baş sudunyň karary Ýewropa Komissiýasynyň 2016-njy ýylda çykaran kararyny ýatyrýar. Sud Ýewropa Komissiýasy Polşanyň gaz üpjünçiligi howpsuzlygyny nazara almandyr, şu sebäpden bu karara gelmek bilen ÝB-niň “energiýa raýdaşlygy prinsipini” bozupdyr diýen karara geldi.


Ukraina we Polşabu karary ýeiş hökmünde gutlady, sebäbi ol bu iki ýurduň, hususan-da Kiýewiň gaz krizisi ähtimallygyny azaldýar.


“Bu karar Polşanyň we Ukrainanyň energiýa howpsuzlygyny ýokary derejede saklaýar” diýip, Polşanyň energiýa ministri Kriştof Çoržewski (Krzysztof Tchorzewski) aýtdy. Polşa 2016-njy ýylda ÝB-niň kararyna garşy çykypdy. Ukrainanyň döwlet eýeçilgindäki “Naftogaz” nebit kompaniýasy bu karary “ýakymly hoş habar” atlandyrdy.

Читайте на сайте