World News in Turkmen

Gyrgyzystanda Hytaýyň sermaýalaryna garşy protest geçirilýär

Gyrgyzystanyň merkezi Naryn regionynyň At-Başi obasynyň golaýynda ýüzlerçe adam sebitdäki hytaý proýektine garşy protest geçirdiler.


17-nji fewraldaky demonstrasiýalar bu Merkezi Aziýa ýurdunda Pekiniň artýan täsirine garşy geçirilen jemgyýetçilik ýörişleriniň iň soňkusydyr.


Protestçiler gyrgyz hökümetinden sebitde gurulmagy göz öňünde tutulýan $275 millionlyk logistika merkezi baradaky planlarynyň ýatyrylmagyny talap etdiler. Bu proýekt barada 2019-njy ýylda hytaý prezidenti Şi Jinpingiň Gyrgyzystana eden saparynyň dowamynda ylalaşylypdy.


Protestiň gurnaýjylary ýörişe 2 müňden gowrak adamyň gatnaşandygyny aýtdylar.


Emma, ýerli resmiler demonstrantlaryň 700-800 aralygynda bolandygyny, şeýle-de protestçileriň talaby bilen baglylykdaky gyrgyz hökümetiniň jogabynyň mälim ediljekdigini aýtdylar.

Читайте на сайте