World News in Turkmen

Kosowonyň prezidenti uruş jenaýatçylygy aýyplamasy esasynda Gaagada jogap berer

Kosowonyň prezidenti Haşim Taçi 13-nji iýulda Gaaga baryp halkara uruş jenaýatlary meselesi barada prokurorlar bilen gepleşer.


Kosowanyň bilermenler palatalary (SPO) 24-nji iýunda garaşylmadyk ýagdaýda Taçiniň we beýleki görnükli kosowolylaryň "100-e golaý adamy öldürmek", ýitirim etmek we gynamak ýaly agyr jenaýatlarda şübhelenilendigini aýtdy.


Taçi 1990-njy ýyllarda Serbiýadan garaşsyzlygy ugrundaky partizançylyk söweşini alyp baran Kosowony azat ediş goşunynyň (KLA) baş serkerdesidi.


Bu aýyplamalary ret eden Taçi, SPO-nyň çakylygy boýunça söhbetdeşlige Gaaga gitjekdigini 8-nji iýulda Facebookda aýtdy.


Taçi eger sud edilse, dessine işinden aýryljakdygyny we aýyplama bilen ýüzbe-ýüz boljakdygyny kosowolylara aýtdy.


Taçä bildirilen aýyplamalar ABŞ-nyň hemaýaty bilen geçen aýda Ak Tamda Kosowonyň we Serbiýanyň ýolbaşçylarynyň arasynda planlaşdyrylan parahatçylyk gepleşikleriniň ýatyrylmagyna getirdi.

Читайте на сайте