World News in Turkmen

Gyrgyz oppozisiýasy parlament saýlawlarynyň netijelerini ret edip, köçä çykýar

Gyrgyzystanyň birnäçe syýasy partiýasy paýtagt Bişkekde ýygnanyşyk geçirip, hepdäniň ahyrynda Gyrgyzystanyň orsýetçi prezidenti Sooronbaý Jeenbekowa ýakyn partiýalara ýeňiş beren parlament saýlawlarynyň netijeleriniň ýatyrylmagyna çagyrýar.


Bişkekiň merkezi Ala-Too-da 1000-den gowrak aktiwist we bäş partiýanyň, ýagny Sosial-demokratlar, Çon Kazat, Meken Yntymagy, Bir Bol we Reforma partiýalarynyň tarapdarlary 5-nji oktýabrda ýygnanyp, sesleriň galplaşdyrylandygyny, sesleriň satyn alnandygyny we beýleki bidüzgünçilikleriň saýlawlara päsgel berendigini öňe sürdüler.


Iki esasy oppozisiýa partiýasy Ata-Meken we Respublika özleriniň we tarapdarlarynyň köpçülikleýin protest geçirjekdiklerini öňünden aýtdylar.


Oppozision syýasy partiýalar protestleriň bu Merkezi Aziýa ýurdunyň beýleki şäherlerinde hem geçiriljekdigini mälim etdi.


5-nji oktýabrda irden mälim edilen deslapky netijeler dört partiýanyň 120 agzaly Ýokarky Geňeşe girmek üçin zerur 7 prosentlik çäkden geçendigini görkezdi.

Читайте на сайте