World News in Turkmen

Talyban Owganystanyň paýtagty Kabulda hüjüm etdi

ABŞ-nyň synçy guramasynyň täze hasabatynda Kabulda "Talyban" hereketiniň hüjümleriniň artýandygy we hökümet işgärleriniň, aktiwistleriň we žurnalistleriň nyşana alynýandygy aýdylýar.


Hasabat Baýden administrasiýasynyň ABŞ bilen "Talybanyň" arasynda geçen fewralda prezident Donald Trump döwründe gol çekilen parahatçylyk şertnamasyna täzeçe garamagy planlaşdyrýan pursadynda çap edildi. 


Hasabatda ABŞ-nyň Owganystandaky güýçlerine salgylanyp, "Kabuldaky duşmançylyk hüjümleri öňki çärýek bilen deňeşdirilende has köpeldi" diýilýär.


SIGAR ady bilen tanalýan Owganystany dikeltmek boýunça ýörite baş gözegçi guramasy ABŞ-nyň uruş zerarly ejir çekýän Owganystana sarp edilen milliardlarça dollarlyk maliýe kömegine gözegçilik edýär.

Читайте на сайте