World News in Turkmen

Rus raýatlarynyň ýene bir tapgyry çarter uçarynda Türkmenistandan çykaryldy

 


Orsýet Türkmenistandaky raýatlaryny bu ýurtdan çykarmak üçin 30-njy iýulda ýene-de bir çarter uçuşyny gurnady diýip, “Trend” neşiri Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna salgylanyp habar berdi.

 

Neşir bu gezek  S7 howaýollary bilen Türkmenabaddan Orsýete  175 adamyň uçandygyny aýdýar.

 

Bu Türkmenistan COVID-19 pandemiýasy sebäpli Orsýet bilen aradaky yzygiderli uçar gatnawlaryny 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadaly bäri Türkmenistandan Orsýete guralan on sekizinji uçuşdyr.

Читайте на сайте