World News in Turkmen

COVID-19: Delta ştammy ýaýraýar, ölýänler köpelýär. Maryda ýene bir oba karantine ýapyldy

Türkmenistanda koronawirusyň delta görnüşiniň giňden ýaýramagy bilen, wirusa ýolugýanlaryň we ondan heläk bolýanlaryň sany artýar. COVID-19-yň ýeke ýagdaýyny hem resmi taýdan hasaba almadyk Türkmenistanda keselhanalar, hat-da tutuş obalar hem karantine ýapylýar. Hassahanalar syrkawlaryň akymyna döz gelip bilmän, näsaglary geçelgelerde ýerleşdirýärler, emma köp halatlarda olary kabul etmekden ýüz öwürýärler. Bu aralykda, Lebapda käbir gaz edaralary diňe waksina sanjymyny etdiren işgärleriň işe goýberiljekdigini duýdurýarlar.

Читайте на сайте