World News in Turkmen

Owganystandan göçürilenler Täjigistana, Özbegistana gelýär

Türkiýäniň Owganystandaky operasiýalara gatnaşan esgerlerini ewakuasiýa eden dört harby uçary Täjigistana gonsa, goňşy Özbegistan ýüzlerçe owgan bosgunyny garşy alyp, 21-nji awgustda olary wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlaryna ýerleşdirdi.


20-nji awgustda Duşenbäniň 200 kilometr günortasynda ýerleşýän  uçar menzilinde gonan uçarlaryň näçe esgeri alyp gelendigi belli däl.


AÝ/AR bilen adynyň aýdylmazlygy şertinde gürleşen ýokary derejeli resmi türk esgerleriniň geçegçidigini we bu ýurtda uzak wagtlap galmagyna garaşylmaýandygyny aýtdy.


Şeýle-de, çeşme bu esgerleriň NATO-nyň Owganystandaky Aýgytly goldaw missiýasynyň agzalarydygyny aýtdy.


Türk resmileri ozal Owganystanda söweşsiz missiýalara gatnaşýan 500 adamlyk goşun bölümleriniň bardygyny aýdypdy. 


ABŞ-nyň Döwlet departamenti 20-nji awgustda Täjigistanyň we Özbegistanyň “eýýäm amerikalylary ýa-da käbir ýagdaýlarda başgalary öz üstlerinden geçirip başlan ýa-da ýakyn wagtda başlajak ýurtlaryň hataryndadygyny” aýtdy.


Beýleki tranzit ýurtlary bolsa, Bahreýn, Britaniýa, Daniýa, Germaniýa, Italiýa, Gazagystan, Kuweýt, Katar, Türkiýe we Birleşen Arap Emirlikleri bolar.

 

Читайте на сайте