World News in Turkmen

Gazagystan 5-nji iýunda konstitusiýa üýtgetmeleri boýunça referendum geçirer

Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň nebite baý merkezi aziýa döwletinde kararlaryň kabul edilmeginiň merkezden daşlaşdyrylmagyna gönükdirilen konstitusiýa özgertmeleriniň çäginde, Gazagystanda konstitusiýa üýtgetmeleri boýunça referendum geçiriler.


Tokaýew 5-nji iýunda geçiriljek referendum baradaky karara 5-nji maýda gol çekdi.


Tokaýew 29-njy aprelde gazak parlamentiniň mejlisinde çykyş edip, esasy kanuna giriziljek üýtgetmelere parlament däl-de, raýatlar göni ses berse, munuň has ýerlikli boljakdygyny, sebäbi ol üýtgetmeleriň konstitusiýanyň üçden bir bölegini öz içine alýandygyny aýtdy.


Şeýle-de ol referendumyň "möhüm demokratik instituta" wekilçilik edýändigini belledi we "Gazagystanda soňky referendumyň 1995-nji ýylda, häzirki Konstitusiýa tassyklanylanda geçirilendigini” ýatlatdy.


1995-nji ýylda ýatyrylan Konstitusiýa kazyýetiniň dikeldilmegi, prezidentiň syýasy partiýalara agza bolmagyny we onuň garyndaşlarynyň döwlet wezipesine bellenmegini gadagan etmek bilen,  konstitusiýa jemi 56 üýtgetme girizmek teklip edildi.

Читайте на сайте