World News in Turkmen

Metbugat habarlary: Türkmenistan Türki döwletler guramasynyň agzasy bolar

Türkmenistan Türki döwletler guramasynyň agzasy bolar diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 29-njy sentýabrda mälim etdi. Bu barada türkmen metbugaty Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentligine salgylanyp habar berýär.


Türk ministrine görä, Türkmenistanyň Türki döwletler guramasyna agzalygy guramanyň 11-nji noýabrda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçiriljek sammitinde tassyklanar.


2021-nji ýylda Türkmenistan TDG-a synçy agza hökmünde kabul edildi.


Häzirki wagtda Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan TDG-nyň doly agzasy, Wengriýa we Türkmenistan synçy agzasy bolup durýar. Gurama, ilkibaşda, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk guramasy (Türk Geňeşi) hökmünde 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabrynda esaslandyryldy.

Читайте на сайте