World News in Turkmen

Moskwanyň golaýynda soňky birnäçe günde ikinji söwda merkezi ot aldy

Moskwa regionynda bir söwda merkezi ot aldy. Mundan üç gün öň bu sebitiň ýene bir iri söwda merkezinde heläkçilikli ýangyn döräpdi.


Moskwa regionynyň adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň 12-nji dekabrda beren maglumatyna görä, ýangynyň netijesinde, Balaşiha şäherindäki söwda merkeziniň üçegi hem agypdyr.


Heläk bolanlar ýa şikeslenenler barada maglumat ýok.


9-njy dekabrda Moskwanyň etegindäki Himki şäherindäki söwda merkeziniň ot almagy netijesinde bir adam heläk boldy, şeýle-de binanyň özi weýran boldy.

Читайте на сайте