World News in Turkmen

Finlandiýa Türkiýe bilen NATO agzalygy boýunça geçirilýän gepleşiklerde 'timeout' gerek diýýär

Finlandiýanyň daşary işler ministri  Pekka Haawisto 24-nji ýanwarda “Roýters” habar gullugyna iki demirgazyk ýurduň, Finlandiýa bilen Şwesiýanyň NATO harby bileleşigine goşulmak planlary barada Türkiýe bilen geçirýän gepleşiklerinde birnäçe hepdelik “timeout”, arakesme zerurlygynyň dörändigini aýtdy.


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan 23-nji ýanwarda, hepde ahyrynda Türkiýäniň Stokgolmdaky ilçihanasynyň ýanynda guralan protestde Gurhanyň bir nusgasy otlanandan soň , Ankaranyň Şwesiýanyň NATO agzalygyna goldaw bermegine garaşmaly däldigini aýtdy.




 

Читайте на сайте