World News in Turkmen

Aşgabat bilen Pekiniň sekiz aýlyk söwdasy $7 milliarddan geçdi

Şu ýylyň sekiz aýynyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 7.29 milliard dollara deň boldy. Bu barada ýarym-resmi turkmenistan.ru neşiri Hytaýyň Aşgabatdaky ilçisiniň aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär.


2-nji oktýabrda çap bolan maglumata görä, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlaryndaky soňky görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5.7% köp.


Türkmenistanyň Hytaýa eksportynyň esasy bölegi turbageçirijiler arkaly iberilýän tebigy gazdan ybarat.


Türkmenistan ýylda Hytaýa we beýleki birnäçe ýurda millardlarça dollarlyk tebigy gaz, nebit-himiýa önümlerini, elektrik energiýasyny eksport edýär.


Emma ýurda energiýa eksportyndan gelýän uly girdejiler, olaryň harçlanyşy barada ne parlamentde, ne-de metbugatda hasabat berilýär.

Читайте на сайте