World News in Turkmen
Июнь
2018

Новости за 02.06.2018

Azathabar.com 

Tbliside protestler togtady; täze hökümet talaplary saklanyp galýar

Gürjüstanda hökümetiň işden çekilmegini talap edilip, geçirilen müňlerçe adamlyk protest çäreleri tamamlandy. Emma, protestiň guramaçylary demonstrasiýalaryň şenbe güni giçlik ýaňadandan başlajakdygyny mälim etdiler. 31-nji maýda başlan protestleriň lideri Zaza Saralidze Tblisiniň parlamentiniň köne binasyny öňünde çadyr dikip, şol ýerde galjakdygyny aýtdy. Müňlerçe adam geçen ýylyň dekabrynda bolan uruş-dawada iki ýetginjek oglanyň pyçaklanyp öldürilmegine gatnaşygy bardygy aýdylýan ýaşlaryň... Читать дальше...

Azathabar.com 

“Apple” Russiýanyň “Telegram” tilsimine garşy girizen gadagançylygyna “boýun bolmaýar”

“Apple” kompaniýasy Russiýanyň “Telegram” messenjer tilsimine garşy girizen gadagançylygyna boýun bolman, App Store arkaly meşhur tilsimiň soňky görnüşlerini hödürläp başlady. Mundan owal, “Telegramyň” baş dolandyryjysy Pawel Durow tehnologiýa läheňi – “Apple” kompaniýasyny rus resmileriniň diýenine boýun bolup, dünýädäki iPhone ulanyjylaryny “Telegram” tilsiminiň soňky görnüşini almakdan mahrum edýändigini aýdyp, tänkytlapdy. “Apple” 1-nji iýunda gelen kararyny düşündirmedi. Emma, Durow “Apple” kompaniýasyna minnetdarlygyny bildirip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gyrgyzystan: Alnyp gaçylan we öldürilen gyzyň işi boýunça “ofiserler jogapkärçilige çekiler”

Gyrgyzystanda 20 ýaşly bir gyzyň alnyp gaçylmagy we soňy bilen zalymlyk bilen öldürilmegi bilen ilteşikli polisiýa ofiserleri jezalandyrylar. Bu barada Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi mälim etdi. Içeri işler ministri Kaşkar Junuşalyýew 27-nji maýda ýüze çykan hadysa bilen baglylykdaky derňewi gönümel öz gözegçiliginde saklaýar. Şol gün, Burulaý Turdaaly gyzy alnyp gaçylandan soň, bu jenaýaty amala aşyran bilen polisiýanyň edarasyna eltilipdi. Ol şol ýerde alyp gaçan tarapyndan pyçaklanyp öldürilipdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Täjik yslam lideri boks “haram” diýýär

Täjigistanyň ýokary derejeli bir yslam wekili boksy we “düzgünsiz” diýip häsiýetlendiren uruş tärlerini “haram”, ýagny yslama görä gadagan diýip, yglan etdi. Täjigistanyň Ulema geňeşiniň başlygy Saýidmukarram Abdulkodirzada Duşenbede juma namazynyň dowamynda okan hutbasynda bu sport görnüşleriniň adamyň saglygyna şikes ýetirýändigi sebäpli, gadagandygyny öňe sürdi. “Esasan hem boks we düzgünsiz söweş tärleri, dini nukdaýnazardan, haramdyr. Olar adamy şikesläp hem bilýärler” diýip, öz wezipesine... Читать дальше...