World News in Turkmen
Июнь
2018

Новости за 05.06.2018

Azathabar.com 

Putin: Biziň Ýewropa Bileleşigini bölmek niýetimiz ýok

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin üstümizdäki ýylyň başlarynda gaýtadan prezidentlige saýlanaly bäri bir günbatar Ýewropa ýurduna eden ilkinji saparynyň öňýanynda, Ýewropa Bileleşigi bilen bolan gatnaşyklary gowulandyrmaga meýillidigini duýdurdy.

Azathabar.com 

Putin: Orsýetiň Ýewropa Bileleşigini bölmek niýeti ýok

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Awstriýa edýän saparynyň öňüsyrasynda, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklary gowulandyrmaga isleglidigini mälim etdi. Putin şu ýyl gaýtadan prezidentlige saýlanany bäri ilkinji gezek Awstriýa sapar edýär. Putin Awstriýanyň prezidenti Aleksandr Wan der Bellen we kansler Sebastian Kurz bilen gepleşikleri geçirmek üçin 5-nji iýunda Wena bardy. Bu sapar, Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasy, Siriýa konfliktindäki roly, Britaniýada öňki rus içalysynyň we gyzynyň zäherlenmegi... Читать дальше...

Azathabar.com 

Berdimuhamedow gurak gelen ýyldan gowy hasyla garaşýar

Ministrler kabinetiniň başlygynyň oba-senagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, welaýat häkimleri galla oragyna görlen taýýarlyk, gowaçalara ideg edilişi barada hasabat berdiler, emma gurak gelen ýylyň öňde goýan synaglaryndan nädip geçjekdiklerini aýtmadylar.

Azathabar.com 

Tbilisiniň metro işgärleriniň iş taşlamak çäresi tapgyr ikinji gün dowam edýär

Aýlyk haklarynyň köpeldilmegini talap edýän Tbilisiniň metro işgärleri özleriniň iş taşlaýyşyny tapgyr ikinji gün dowam etdirýärler. Bu waka Gürjüstanyň paýtagtyndaky hökümete garşy protest hereketiniň lideriniň ýurduň häkimiýetindäki elita garşy göreşmegi wada beren mahalyna gabat geldi. Metro işgärleri häkimiň öňümizdäki ýyldan başlap aýlyk haklarynyň ýokarlandyryljakdygy barada eden teklibini ret edensoň, 5-nji iýunda Tbilisiniň çäginde “Mugt” ýa-da "Tölegsiz" diýlen ýazgyly awtobuslaryň bir... Читать дальше...

Azathabar.com 

Putin ABŞ-nyň Kreml bilen ilteşikli tüçjar barada eden aýyplaýjy aktyny  ‘gülkünç’ diýip häsiýetlendirdi

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, Kreml bilen ilteşigi bolan milliarderiň 2016-njy ýylda ABŞ-da geçirilen prezident saýlawlaryna goşulyşandygy barada Birleşen Ştatlaryň eden aýyplaýjy aktyna güldi. Şeýle-de, ol özüniň aşpezlerinden biriniň ABŞ-daky prezident saýlawlaryna goşulyşyp biljekdigi barada aýdylýanlary ýaňsylady. 4-nji iýunda Awstriýanyň “ORF” teleradio ýaýlymyna beren interwýusynda Putin Birleşen Ştatlaryň ýörite geňeşçisi Robert Mueller tarapyndan Prigožine garşy ýöňkelen aýyplamalary “gülkünç” diýip, ret etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

"Haýyş edýäs sizden, visa kartlarymyzy işlär ýaly edip beriň!"

Salam jenap Gurbanguly Berdimuhamedow Siz Tùrkmenistan watanymzy nahili derejede pese dùsirdiniz name sebàden daşary ýurtlarda okaýan talyplara beýle azap berýeniz tùkmen halky size arkadag diýip at berenine hic dùşinip bilemok haly yaşaýyşyny gowlandyrmak eýsem sizin borjynyz dalmi haýyş edýas sizden vissa kartlarymzy islar ýaly edip berin pulsyz daşary döwletde okamak bize agyr dùsyer ynha okuwymzam tamamlanyar ýone bizin oýe gaýtmagada pulmyz yok ķartdan bolsa hiçhili pul çekip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň serhet araçägindäki dawaly territoriýada uruş-dawa boldy

Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň serhet araçägindäki dawaly territoriýada iki ýurduň serhet gullukçylarynyň arasynda uruş-dawa boldy diýip, täjik we gyrgyz resmileri aýdýarlar. Gyrgyzystanyň serhet gullugynyň berýän maglumatyna görä, bu waka 5-nji iýunda ýurduň günortasyndaky Batken regionynyň Leýlek etrabynda gyrgyz söwdegärleri serhediň dawaly böleginde harytlary satyp başlandan soň boldy. Urşuň yz ýany, gyrgyz serhet gullukçylary täjik serhet gullukçylarynyň üçüsini gysga wagtlaýyn tussag etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Metbugat azatlygyny goraýjylar Orsýetiň ukrain žurnalistini türmä basmagyny ýazgarýar

Kiýew we metbugat azatlygyna gözegçilik edýän guramalar rus sudunyň ukrain žurnalistini içalyçylykda aýyplap, türme tussaglygyna höküm etmegini ýazgaryp çykyş etdiler.  Moskwa sudy 4-nji iýunda Suşçenkony içalyçylyk etmekde günäli tapdy we berk düzgünli türmede saklamak şerti bilen 12 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Žurnalistiň aklawçysy Mark Feigin öz müşderisiniň işiniň syýasy sebäpler esasynda galplaşdyrylandygyny we onuň suduň höküminden şikaýt etjekdigini aýtdy. ÝHHG-nyň metbugat azatlygy... Читать дальше...