World News in Turkmen
Август
2018

Новости за 10.08.2018

Azathabar.com 

Medwedew ABŞ-nyň sanksiýalaryna ‘ykdysady uruş’ hökmünde serediler diýdi

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Birleşen Ştatlar Orsýetiň banklaryna ýa olaryň belli bir walýutany ulanmagyna gadaganlyk girizse, Moskwa muňa “ykdysady uruş yglan etmek” diýip garap, “ykdysady, syýasy ýa gerek bolan halatynda beýleki serişdeler bilen” gaýtawul berer diýdi.

Azathabar.com 

“Açlykdan ölýänem bolsaň, başga ýerde öl!”

“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýurtda ykdysady kynçylyklaryň dowam edýän döwri ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, dilegçilik edýän adamlaryň köpelendigine ünsi çekip, ýörite makala çap etdi.

Azathabar.com 

Belarus žurnalistleri tussaglykdan boşadandygyny aýdýar

Belarusyň döwlet derňewçileri BelTA döwlet habar agentliginiň kompýuter sistemalaryny döwmekde güman edilip, şu hepdede tussag edilen ähli žurnalistleriň boşadylandygyny 9-njy awgustda agşam yglan etdiler, emma garaşsyz žurnalistleriň ençemesi heniz tussag astynda galýar. Tussaglykdan boşadylanlaryň arasynda Tut.by hususy onlaýn habar portalynyň üç žurnalisti, ýagny baş redaktorlar Maryna Zolatawa we Hanna Kaltyhina, şeýle-de habarçy Hanna Ýermaçonak azatlyga çykdy.  Zolatawanyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Medwedew ABŞ-nyň sanksiýalaryna 'ykdysady uruş' hökmünde serediljegini duýdurdy

Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew ABŞ-nyň Orsýetiň banklaryna garşy ýa-da olaryň käbir walýutalary ulanmagyna gadagançylyk girizen ýagdaýynda, Moskwanyň muňa 'ykdysady uruşyň yglan edilmegi" hökmünde seretjekdigini we "ykdysady, syýasy ýa-da, zerur bolsa, beýleki görnüşde" jogap berip biljekdigini duýdurdy. Medwedewiň 10-njy awgustda eden bu berk çykyşy ABŞ-nyň sanksiýalaryň täze tapgyryny yglan etmeginiň we kanun çykaryjylaryň Orsýetiň ençeme döwlet banklarynyň operasiýalaryna hem olaryň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owgan harbylary ABŞ-nyň howa güýçleriniň kömegi bilen "Talybanyň" hüjümine garşy durdular

"Talybanyň" ýüzlerçe söweşijisiniň Owganystanyň welaýat merkezine amala aşyran uly hüjüminde azyndan 14 sany owgan esgeri wepat boldy. Owganystanyň howpsuzlyk güýçleri ABŞ-nyň howa güýçleriniň ýardamy bilen söweşijilere gaýtargy bermegi başardylar, diýip Owganystanyň we ABŞ-nyň resmileri aýtdylar. Kabuldan günorta-gündogar tarapda 150 kilometr uzaklykda ýerleşýän Gazni şäherine 10-njy awgustda edilen bu hüjüm zerarly howpsuzlyk güýçleriniň azyndan 20 agzasy ýaralanypdyr. Bu barada Gazni şäheriniň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Hazarýaka döwletleriniň Aktaudaky sammitiniň gün tertibi kesgitlendi

12-nji awgustda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň sammitiniň kesgitlenen gün tertibi üç sany esasy meseläni öz içine alýar diýlip, Gazagystanyň daşary işler ministrliginiň resmi websaýtynda aýdylýar. Maglumata görä, taraplar Hazar deňziniň statusyny, Hazar deňzinde ykdysadyýet we transport, ekologiýany we biologiýa resurslaryny goramak, howpsuzlyk bilen bagly hyzmatdaşygy, şeýle-de regional we halkara temalary ara alyp maslahat ederler.      Gazagystanyň prezidenti... Читать дальше...