World News in Turkmen
Август
2018

Новости за 11.08.2018

Azathabar.com 

Eýranyň daşary işler ministri ABŞ resmileri bilen duşuşygyň planlaşdyrylmandygyny aýdýar

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Javad Zarif ABŞ resmileri, şol sanda döwlet sekretary Maýk Pompeo bilen hiç bir duşuşygyň planlaşdyrylmandygyny aýdýar. Zarif BMG-niň Baş Assambleýasynyň geçýän günlerinde şeýle duşuşygyň ähtimallygy barada berlen soraga jogap berip, ýarym resmi “Tasnim” habar gullugyna “beýle duşuşygyň planlaşdyrylmandygyny” aýtdy. Eýranyň prezidenti Hassan Rohani ABŞ-nyň şert goýmazdan gepleşmek baradaky çagyryşyny 6-njy awgustda, Waşington prezident Donald Trampyň 2015-nji... Читать дальше...

Azathabar.com 

BMG paneli hytýaly uýgurlaryň 'ägirt uly türmede ýaşaýandygyny' aýdýar

BMG-niň adam hukuklary paneli Hytaýda 1 million çemesi etniki uýguryň “terrorçylyga garşy merkezlerde” saklanylýandygyny, ýene millionlarçasynyň bolsa, zor bilen gaýtadan okatmak lagerlerine ýerleşdirilendigini, netijede Hytaýyň uzak günbatardaky Uýgur regionynyň “ägirt uly tussghana ýaly bir zada meňzeýändigini” aýdýar.  BMG-niň jynsy diskriminasiýany ýok etmek baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary Gay McDougall 10-njy awgustda günbatardaky Sinjiaň awtonom regionynda tussag edilen uýgurlaryň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Buharestde polisiýa bilen protestçileriň arasynda bolan çaknyşykda ýüzlerçe adam ejir çekdi

Rumyn paýtagty Buharestde korrupsiýa garşy protestçiler bilen pitnä garşy polisiýanyň arasynda bolan çaknyşykda ýüzlerçe adam ejir çekdi. Polisiýa şäheriň esasy skwerinde umuman parahatçylykly protest bildirýän on müňlerçe adamy dargatmak üçin göz ýaşardyjy gaz we suw toplaryny ulandy. 10-njy awgustda rumyn şäherleriniň köçelerinde 100 müň çemesi adamyň toplanmagyna alyp gelen protestler soňlanyp barýarka zorluga ýazdy we merkez-sagçy prezident Klaus Iohannispolisiýany “aşa artyk güýç ulanmakda” aýyplap, täze hökümeti ýazgaryp çykyş etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Monitor Orsýet bilen Gündogar Ukraina arasynda gatnaýan ýük maşynlarynyň wideosyny çap etdi

Gündogar Ukrainadaky resmi ýewropa gözegçilik missiýasy birinji gezek Orsýetden Ukraina we Ukrainadan Orsýete serhet goragçylarynyň ýok ýerinden, gizlin ýoldan araçäkden geçýän ýük maşynlar kerweniniň wideosyny çap etdi. "Missiýanyň uzak aralyga uçýan adamsyz enjamy hapa ýoldan, serhet geçelgesiniň ýok ýerinden, Donetsk regionyndan hökümet tarapyndan kontrollyk edilmeýän künjekde, gijäniň ýarynda Ukraina girýän we çykýan ýük ulaglarynyň kerweini ýüze çykardy” diýip, Ýewropa howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk... Читать дальше...