World News in Turkmen
Декабрь
2018
31

Новости за 05.12.2018

Azathabar.com 

Daşoguzda ýüzlerçe adam pasport almak üçin migrasion gullugynyň öňüne jemlenýär

Daşoguz welaýatynyň migrasiýa edarasynyň öňünde şu günler pasport almak isleýän ýaşaýjylaryň uly nobatlary emele gelýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýüzlerçe adamlyk nobatlaryň soňky hepdäniň dowamynda dörändigini habar berdi.  "Migrasiýa gullugynyň etrap bölüminiň öňünde daşary ýurt pasportyny almak üçin ýüzlerçe adam nobata düzülýär. Aýratynam soňky hepdäniň dowamynda migrasiýa gullugynyň öňünde basa-baslyk" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 5-nji dekabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ Russiýa ýadro ylalaşygyna dolanmak üçin 60 gün berdi

ABŞ eger-de Moskwa Sowuk Urşy döwrüniň ýadro ýaraglary ylalaşygyna iki aýyň dowamynda dolanmasa, onda Birleşen Ştatlaryň ylalaşykdan çykjakdygyny duýdurdy. Döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) bu barada sişenbe güni çykyş etdi. Mundan öň, Brýusselde NATO ýaranlary Russiýanyň 1987-nji ýylda Waşington bilen Moskwanyň baglaşan Orta aralykly ýadro güýçleri ylalaşygynyň şertlerini bozandygy baradaky ABŞ-nyň aýyplamalaryny “berk” goldadylar. Ylalaşyk 500 we 5500 kilometr aralyga ýetmäge ukyply raketalaryň köpüsini gadagan edýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Waşingtonda ozalky prezident Buşuň jaýlanyş mirasymy geçýär

Waşingtonyň aglaba bölegi ozalky prezident Jorj Buşuň (George Bush) hatyrasyna guralýan çäreler sebäpli petiklendi. ABŞ-nyň 41-nji prezidenti 30-njy noýabrda Teksasda, 94 ýaşynda aradan çykypdy. Ol Parkinson keselinden ejir çekipdi. Buşuň telewideniýede görkeziljek jaýlanyş mirasymy çarşenbe güni Waşingtonyň Milli Katedralynda geçiriler. Çärede Buşuň ogly, ABŞ-nyň 43-nji prezidenti Jorj W. Buş (George W. Bush) çykyş eder. Mirasyma ABŞ-nyň ozalky prezidentleri Jimmy Karter, Bill Klinton, Barak Obama hem aýallary bilen gatnaşarlar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Berdimuhamedow senagat pudagyna gözegçilik edýän resmisine ‘berk käýinç’ yglan etdi

Türkmenistanyň prezidenti ýurduň senagat pudagyna gözegçilik edýän wise-premýer Kerim Durdymyradowa “wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin” diýen kesgitleme esasynda “soňky gezek duýdurmak bilen berk käýinç” yglan etdi. Şu ýylyň 11 aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Gurbanguly Berdimuhamedow senagat toplumynda alnyp barylýan işleriň netijelerine nägilelik bildirdi. Berdimuhamedow pudagyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystan iki raýatynyň internet galplygynda aýyplanýandygyny tassyklady

Gazagystan iki raýatynyň ABŞ tarapyndan internetde galplyk etmekde aýyplanýandygyny tassyklady. Daşary işler ministrligi gazak raýatlary Sergeý Owsýannikowyň we Ýewgeniň Timçenkonyň, ABŞ-nyň tussag etmek baradaky arzasy esasynda, degişlilikde Malaýziýada we Estoniýada ele salnandyklaryny aýtdy. ABŞ-nyň Adalat departamenti Owsýannikowyň, Timçenkonyň we başga-da alty rus raýatynyň adamlaryň şahsy maglumatlaryny ogurlamak, kompýuterlere döwüp girmek, pul serişdelerini ýuwmak ýaly jenaýatlarda aýyplanýandyklaryny mälim etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gürjüstanda oppozisiýanyň öňdebaryjy wekili öli tapyldy

Gürjüstanyň oppozisiýadaky Birleşen Milli Hereket partiýasynyň öňdebaryjy agzalarynyň biri Tblisidäki öýünde öli tapyldy. Deslapky maglumatlara görä, Nikoloz Rurua ýürek näsazlygy sebäpli aradan çykypdyr. 50 ýaşly syýasatçy ýurduň ozalky prezidenti Mihaýil Saakaşwiliniň ýakyn ýaranlarynyň biridi. Rurua Saakaşwili häkimiýet başyna geçende syýasata baş goşupdy. Ol 2009-2012-nji ýyllar aralygynda Gürjüstanyň Medeniýet ministri hem bolup işläpdi.

Azathabar.com 

Ermenistanda harby uçaryň gaçmagy netijesinde iki pilot öldi

Ermenistanda bir harby uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde onuň bortundaky iki pilot öldi. Gornamak ministrligiň beren maglumatyna görä, Su-25 kysymly uçar ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Gýumri şäherindäki howa bazasyndan howa galanyndan birnäçe minut soň radarlardan ýitirim bolupdyr. Ministrlik heläkçilige uçran uçaryň bölekleriniň tapylandygyny mälim etdi. Uçaryň gaçmagy netijesinde onuň bortundaky podpolkownik Armen Babaýan we maýor Moses Manukiýan heläk boldy. Uçaryň näme sebäpden... Читать дальше...