World News in Turkmen
Декабрь
2018
31

Новости за 23.12.2018

Azathabar.com 

Serpler tapgyr üçünji hepde Wuçiçe garşy protest bildirýär

Birnäçe müň adam Serbiýanyň paýtagty Belgrada toplanyp, tapgyr üçünji hepde prezident Aleksandr Wuçiçe garşy protest bildirdi. 22-nji dekabrdaky protestçiler jürlewük çalyp, Wuçiçi demokratik azatlyklary bogmakda, syýasy garşydaşlary basyp ýatyrmakda, mediany gözegçilikde saklamakda aýyplaýan şygarlara gygyrdylar.  Metbugat habarlarynyň käbirindäki hasaplamalara görä, proteste çykanlar 5 müň çemesi adam boldy.

Azathabar.com 

Owganystanyň prezidenti täze goranmak we içeri işler ministrlerini belledi

Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani Owganystanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ozalky başlygy Assadullah Khalidi goranmak ministri wezipesine, ozalky aňtaw başlygy Amrullah Salehi içeri işler ministri wezipesine belländigini yglan etdi. Gani bu habary 23-nji dekabrdaky kararynda yglan edip, öz hökümetinden wezipä hödürlenen adamlaryň parlament tassyklanmasyna iberilmegini sorady. Bu kararlaryň resmi sebäbi aýdylmady. Khalid bilen Salehiň ikisi-de ozalky prezident Hamid Karzaý wagtynda  milli howpsuzlyk müdirýetiniň başlygy bolup işledi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Morokkalylar Atlas daglarynda öldürilen skandinawiýaly studentleriň ýasyny tutdular

Morokkalylar Atlas daglarynda jihadçylar tarapyndan öldürilendir öýdülýän skandinawiýaly studentleriň ýasyny tutdular. 22-nji dekabrda ýüzlerçe adam paýtagt Rabatda Daniýanyň we Norwegiýanyň ilçihanalarynyň öňüne ýygnanyp, 24 ýaşyndaky Louisa Vesterager Jesperseniň, 28 ýaşyndaky Maren Uelandyň öldürilmegine gynançlaryny bildirdiler. Student gyzlaryň jesetleri geçen hepde, olaryň gyrak-çetdäki daglyk ýerde diken çadyrlaryndan tapyldy. Gyzlaryň biriniň kellesiniň kesilendigi aýdylýar.  Bu jenaýat bilen baglylykda dört adam tussag edildi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Indoneziýanyň Sunda aýlagynda dörän suw joşguny azyndan 168 adamy öldürdi

Ada wulkanynyň partlamagy netijesinde dörändir öýdülýän suw joşguny (tsunami) Indoneziýanyň Sunda aýlagynda azyndan 168 adamy öldürdi, 750 çemesi adamy bolsa ýaralady diýip, resmiler aýtdylar.  Şeýle-de resmiler 30 adamyň tapylmaýandygyny habar berdiler. Tsunamy bu sebite 22-nji dekabr güni giçlik gelip urdy we suw diwary içeri girip, ýüzlerçe jaýy we myhmanhanalary süpürip gitdi diýip, hökümet resmileri we şaýatlar aýtdylar. Ýurduň adatdan daşary ýagdaýlar agentliginiň bir resmisi häkimiýetleriň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Orsýetiň Solikamsk käninde galan 9 magdançynyň jesetleri tapyldy

Orsýetiň kaliý dökünlerini öndürýän kärhanasynyň käninden ýangyn zerarly çykyp bilmän galan dokuz magdançynyň ählisiniň jesetleri çykaryldy diýip, regionyň resmileri aýtdylar. Perm ülkesiniň resmileri 23-nji dekabrda ilki sekiz jesediň tapylandygyny habar berdiler, emma biraz soň “Uralkaliýniň” Solikamsk şäheriniň golaýyndaky käninde galan dokuzynjy magdançynyň hem jesediniň tapylandygyny tassyk etdiler. Permiň gubernatory Maksim Reşetnikow “biz bu dokuz magdançyny halas etmek üçin mümkin bolan ähli zady etdik” diýdi. Читать дальше...