World News in Turkmen
Июль
2019

Новости за 02.07.2019

Azathabar.com 

Daşoguzlylar mobil aragatnaşygynyň hili we bahasy bilen bagly kynçylyk çekýärler

Daşoguzyň ýaşaýjylary mobil telefon aragatnaşygynyň hili we bahasy bilen bagly birnäçe problemanyň ýüze çykandygyny habar berýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýagdaýyň jikme-jikleri bilen gyzyklandy. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda regionyň ençeme ýerinde, şol sanda şäherde we etraplarda telefon gepleşigi gysga wagtda ençeme gezek kesilip durýar. "Daşoguz şäherinde we etraplarda "Altyn Asyr" aragatnaşygy kadaly işlemeýär. Her minutda 10-15 sapar kesilýär" diýip, habarçymyz 2-nji iýunda habar berdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp Tähranyň “ot bilen oýun edýändigini” aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranyň urany 2015-nji ýylda dünýäniň iri döwletleri bilen baglaşylan ýadro ylalaşygyndaky göz öňünde tutulan derejesinden has köp öndürip başlandygyny yglan edeninden soň, Tähranyň “ot bilen oýun edýändigini” aýtdy. “Olar edýän işine düşünýärler. Olar nämäni maksat edinýändiklerini bilýärler. Meniň pikirimçe, olar ot bilen oýun edýärler” diýip, Tramp Ak Tamda žurnalistleriň degişlilikdäki soragyna jogap berdi. Eýranyň daşary işler ministri Jawad Zarif “ylalaşykdan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp Owganystany “terroristleriň laboratoriýasy” atlandyrdy

Prezident Donald Tramp Owganystany “terroristleriň laboratoriýasy” atlandyryp, ABŞ ol ýerden harbylaryny çykarsa-da, özüniň “ygtybarly aňtawyny” saklap galjakdygyny belledi. “Men muny terroristleriň Harwardy atlandyrýaryn” diýip, Tramp Owganystan bilen dünýäniň iň abraýly uniwersitleriniň biriniň arasynda bag gurdy. Tramp bu barada Fox News tele-kanalyna beren interwýusynda belledi. Bu interwýu 1-nji iýulda “Talybanyň” Kabulda amala aşyran ulag partlamasyndan öň ýazgy edilipdi. Interwýu ABŞ-nyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidenti Kanadadaky konferensiýa gatnaşýar

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenskiý Torontodaky konferensiýada çykyş edip, 2014-nji ýylda başladylan reforma maksatnamasynyň çäginde Ukrainada parahorlyga garşy alyp barylan göreşiň netijeleri barada hasabat berer. Zelenskiý bu barada 2-nji iýulda üçünji gezek geçirilýän Ukraina Reforma Konferensiýasynda çykyş eder. Üç günläp dowam etjek konferensiýa Kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau, daşary ýurtly ministrler, halkara guramalaryň ýolbaşçylary we graždançylyk-jemgyýetleriniň aktiwistleri hem gatnaşarlar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Abu Dabide ýerleşýän nebit kärhanasy ýakalaşykdan soň, 'gazak halkyndan' ötünç sorady

Düýbi Abu Dabide ýerleşýän nebit kompaniýasynyň direktory Gazagystanyň günbataryndaky kärhananyň daşary ýurtly we ýerli işgärleriniň arasynda ýüze çykan ýakalaşykdan soň, “gazak halkyndan” ötünç sorady. 1-nji iýulda Consolidated Contracting Engineering & Procurement S.A.L. Offshore (CСЕР) kärhanasynyň direktory wideo ýazgy arkaly çykyş edip, “düýbünden ýerliksiz hadysanyň” kompaniýanyň gymmatlyklaryna we prinsiplerine laýyk gelmeýändigini aýtdy. Ol munuň bilen baglylykda wezipesinden boşadylan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Kabuldaky partlamada alty adam öldi; 115-isi ýaralandy

Owganystanyň paýtagty Kabulda içi partladyjyly ulagyň ýarylmagy netijesinde parahat ilatyň arasyndan dört adam we howpsuzlyk güýçleriniň hataryndan iki gullukçy heläk boldy; şeýle-de 116-a golaý adam ýaralandy. 1-nji iýulda amala aşyrylan hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” öz üstüne aldy. Bu aralykda, jeňçi toparynyň wekilleri – Owganystandaky dowam edýän 18 ýyllyk urşy tamamlamak maksady bilen – Katarda ABŞ-nyň resmileri bilen tertip üçünji gün gepleşikleri geçirýärdi. Goranmak ministrligiň... Читать дальше...