World News in Turkmen
Июль
2019

Новости за 18.07.2019

Azathabar.com 

Aşgabat polisiýasy aýallara sürüjilik şahadatnamasyny hem bermeýär, hem ýok diýmeýär

Türkmenistanda zenanlaryň sürüjilik şahadatnamalaryny almakda çekýän kynçylyklary dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we ulag sürmäge hukuk berýän dokumentlerinden mahrum bolan zenanlaryň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri sürüjilik şahadatnamalaryny bermekden ýüz öwürip, "ýokardan berlen görkezmä" salgylanýarlar.  "Meniň sürüjilik şahadatnamamyň möhleti ýanwarda doldy. Men onuň möhletini uzaltmak üçin zerur ähli dokumentleri ýygnap, Aşgabadyň 11-nji mikroraýonunda ýerleşýän awtoduralgasyna bardym... Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýranyň döwlet TW-si Yslam rewolýusiýa sakçylarynyň daşary ýurt tankerini ele salandygyny aýtdy

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi ýurduň Yslam rewolýusiýa sakçylarynyň daşary ýurt tankerini, şeýle-de, onuň 12 ekipaž agzasyny ele salandygyny habar berýär. Telewideniýäniň 18-nji iýulda beren maglumatyna görä, bu tanker eýranly gaçakçylardan daşary ýurt müşderilere ýangyç alyp barýarka, strategik taýdan ähmiýetli Hormuz bogazyndaky Eýranyň Larak adasynyň günortasynda ele salyndy. Eýranyň döwlet telewideniýesiniň habarynda tankeriň ady ýa-da onuň haýsy ýurda degişlidigi, ekipaž agzalarynyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Media gözegçilik edýän guramalar Pakistany ‘ýokary töwekgelçilikli’ ýurt hökmünde häsiýetlendirdi

“Serhetsiz Reportýorlar” (RSF) guramasynyň we Pakistanyň “Freedom Network” atly media gözegçilik edýän toparynyň bilelikde çap eden hasabatynda Pakistan media eýeçilik etmek babatynda “ýokary töwekgelçilikli” ýurt hökmünde häsiýetlendirilýär. 18-nji iýulda çap edilen hasabatda 220 million ilatly Günorta Aziýa ýurdunda media serişdeleriniň ýarysyndan gowragynyň diňe birnäçe adamyň eýeçiligindedigi aýdylýar. “Bu habar çeşmelerinde has köp dürliligi üpjün etmek üçin has giň gerimli media eýeçiligine zerurlygyň bardygyny aňladýar” diýip... Читать дальше...

Azathabar.com 

Almatynyň boýag ammarynda uly göwrümli ýangyn döredi

Gazagystanyň iň uly Almaty şäherinde tiz ot alýan boýag serişdeleriniň saklanýan ammarynda ýangyn döredi. Almatynyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça departamentiniň 18-nji iýulda beren maglumatyna görä, şäheriň demirgazygyndaky Žetýsu etrabynda dörän uly göwrümli ýangyny öçürmek işlerine iki dikuçar, ýangyn söndürijileriň 67 sanysy we 27 sany ýangyny söndürýän ulag gatnaşýar.  Häkimiýetler ýangyny öçürmek üçin dowam edýän göreşiň “çylşyrymlydygyny” aýdýarlar. Wakada adam ýitgisiniň bolandygy barada häzirlikçe maglumat berilmeýär.

Azathabar.com 

Putin Ukrainanyň Donetks, Luhanks regionlarynyň ähli ýaşaýjylaryna raýatlygy hödürleýän karara gol çekdi

17-nji iýulda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň Donetsk we Luhansk regionlarynyň ähli ýaşaýjylaryny öz içine goşmak üçin rus raýatlygyny almak barada ýönekeýleşdirilen prosedurany giňeldýän karara gol çekdi. Putin 21-nji aprelde geçirilen ukrain prezident saýlawlarynda Wolodymyr Zelenskiý ýeňiş gazanandan sanlyja gün soň, Ukrainanyň gündogaryndaky Luhanks we Donetks regionlarynyň “käbir böleklerindäki” ukrain raýatlarynyň rus raýatlygyny almak prosesini ýönekeýleşdirmek baradaky karary çykardy. Читать дальше...