World News in Turkmen
Декабрь
2020

Новости за 20.12.2020

Azathabar.com 

Belarusly protestçiler Lukaşenkanyň işden gitmegini talap edýärler

Demonstrantlar 20-nji dekabrda Belarusyň paýtagty Minskde ýöriş geçirip, diýdimzor Aleksandr Lukaşenkany işinden çekilmäge çagyrdy. Lukaşenka awgust aýynyň başynda geçirilen prezident saýlawynda ýeňiji diýlip yglan edileli bäri Belarusda günde diýen ýaly protest geçirilýär we oppozisiýa liderleri saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýdyp, aýak depýärler. BMG-niň maglumatyna görä, saýlawdan soňky demonstrasiýalar güýç bilen dargadylanda polisiýa 27 müňden gowrak adamy tussag etdi. Gynamalar we ýowuz daraşmalar barada ygtybarly maglumatlar bar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabat rus sanjymyny alar. Berdimuhamedow Putine 'saglyk tagallasy' üçin sagbol aýtdy

Türkmenistan Orsýetiň koronawirus sanjymyny ýeterlik mukdarda öndürilen badyna satyn alyp biler diýip, “Trend” neşiri Aşgabatdaky rus ilçisi Aleksandr Blohiniň “Türkmenportal” neşirine aýdan sözlerine salgylanyp habar berýär. Şeýle-de ilçi Orsýetiň Türkmenistana 50 müňden gowrak synag ulgamyny mugt berendigini aýtdy. Mundan başga, habarda Türkmenistanyň Orsýetden takmynan 8 million dollarlyk derman we medisina enjamlaryny satyn alandygy bellenýär. “Biz öz sanjymymyza, hususan-da “Sputnik V”... Читать дальше...

Azathabar.com 

Kabulda ýarylan awtoulag bombasy azyndan sekiz adamy öldürdi

Owganystanyň Içeri işler ministrligi paýtagt Kabulda partladylan awtoulag bombasynyň azyndan sekiz adamy öldürip, ondan gowrak adamy ýaralandygyny habar berdi. 20-nji dekabrdaky bomba hüjüminde parlament agzasy Han Muhammad Wardagy alyp barýan ulag kerweni nyşana alyndy. Wardak ýaralandy. "Terrorçylar Kabul şäherinde terrorçylykly hüjümi amala aşyrdy. Gynansak-da, sekiz watandaşymyz öldürildi, 15-den gowrak adam ýaralandy" diýip, Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Tarik Arian aýtdy. ... Читать дальше...

Azathabar.com 

Orsýet we Türkiýe Türkmenistandan çykyş gatnawlaryny guraýar

Orsýetiň Türkmenistandaky ilçihanasy 25-nji dekabrda Türkmenabatdan Moskwa çykyş uçuşyny planlaşdyrýandygyny aýtdy diýip, “Türkmenportal” neşiri Orsýetiň Aşgabatdaky Aleksandr Blohiniň ýerli metbugat üçin geçiren ýygnagyna salgylanyp habar berýär. Bu uçuşdan rus raýatlary, şeýle-de, rus hökümetiniň 2020-nji ýylyň 16-njy martyndaky 635-nji buýrugy esasynda Orsýete girmek rugsady berlen daşary ýurtlular peýdalanyp biler. Bu pandemiýa başlanaly bäri guralan bäşinji çykyş uçary bolar. Mundan öňki uçuş oktýabryň aýagynda guralypdy diýip... Читать дальше...