World News in Turkmen
Декабрь
2020

Новости за 29.12.2020

Azathabar.com 

Aşgabatda üç sagatlap elektrik togy kesildi

29-njy dekabrda agşam sagat 9 töweregi paýtagtyň hemme ýerinde elektrik toguny kesdiler. Aradan 20-30 minut geçensoň, şäheriň käbir ýerlerinde, hususan-da hassahanalarda, myhmanhanalarda we "kaşaň, elitnyý" jaýlaryň ýerleşýän köçelerinde elektrik togy gaýtadan üpjün edildi. Paýtagtyň beýleki ýerlerinde elektrik üpjünçiligi birnäçe sagatdan soň peýda boldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň birnäçe habarçysy Aşgabatda elektrik togy köpçülikleýin kesilenden bir sagat geçmänkä habar berdi. Habarçymyzyň tassyklamagyna görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanda ilata dümewe garşy sanjym edilýär we hassa işgärler işden kowulýar

Türkmenistanyň döwlet edaralary öz işgärlerinden dümewiň garşysyna sanjym etmegi we muny tassyklamagy talap edýärler. Bolmasa olara işden çykaryljagy aýdylýar. Bu döwürde saglyk işgärleri dümew sanjymlaryny etmek üçin ýaşaýyş jaýlara aýlanýarlar. Bu, COVID-19 alamatly keselçiligiň giden ýaýramagynyň fonunda bolup geçýär. Ýurduň häkimiýetleri koronawirusyň ýurtda ýokdugyny aýtmak bilen ilatdan test etmegi talap edýärler.

Azathabar.com 

Aşgabat: ‘Basgylanýan’ aýal hukuklaryna bagyşlanyp, 'tegelek stol' geçirildi

Türkmenistanda aýal hukuklarynyň ‘basgylanýandygy’ barada syzyp çykýan soňky habarlaryň fonunda 28-nji dekabrda Aşgabadyň Halkara gatnaşyklary institutynda zenanlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklaryna bagyşlanan “tegelek stol” söhbetdeşligi geçirildi. Oňa BMG-niň baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, ýokary wezipeli türkmen zenanlary we beýlekiler gatnaşdy. Bu barada ýarym-resmi Turkmenportal.com neşiri habar berýär.

Azathabar.com 

Maryda satuwa çykarylan gyt harytlar ýene nobatdaky adamlaryň ählisine ýetmedi

Mary welaýatynyň Mary GRES şäherçesiniň golaýyndaky döwlet dükanynda ilata ýeňillikli bahadan hödürlenýän azyk önümleri çäkli möçberde satuwa çykaryldy. Käbir hojalyklar ellerinde nagt pul bolmansoň, käbiri-de dükanda ýeterlik haryt bolmansoň, bu iýmit önümlerini satyn alyp bilmedi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Marydan habar berdi.

Azathabar.com 

Rus kompaniýasynyň öňki müdiri 15 ýyl azatlykdan mahrum edildi

Moskwa şäher kazyýeti “Inter RAO” energiýa kompaniýasynyň öňki ýerine ýetiriji müdiri Karina Tsurkany Moldowa içalyçylyk etmek aýyplamalarynda günäli tapyp, 15 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Ol bu aýyplamalary ret edýär.    Kazyýet işiniň gizlin edilmegi sebäpli ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiginden soň, Tsurkanyň aklawçylary – “ Team  29” hukuk toparynyň agzalary – bu karary şikaýat etjekdiklerini aýtdylar. “Bu gün, şübhesiz, rus adalatynyň gara sahypasy hökmünde taryha girer. Читать дальше...

Azathabar.com 

Russiýa gaçgaklykdaky gazak bankiri Ablýazowy gaýybana ýagdaýda 15 ýyl azatlykdan mahrum etdi

Russiýanyň sudy Gazagystanyň BTA bankynyň gaçgaklykdaky öňki başlygy we oppozisiýa syýasatçysy Muhtar Ablýazowy ogurlyk aýyplamalarynda gaýybana ýagdaýda 15 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Ablýazow bu aýyplamalary ret edýär. Moskwa Taganskiý etrap kazyýeti Ablýazowy, aýdylmagyna görä, 2006-2009-njy ýyllar aralygynda 58 milliard rubly (790 million dollar) ogurlamak baradaky jenaýat işinde günäli tapandan soň, 29-njy dekabrda höküm çykardy. Bu iş boýunça günäkärlenýänleriň ýene dördüsi – BTA bankynyň öňki işgärleri ... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owganystan we Pakistan media işgärleri üçin 'iň howply' ýurtlaryň arasynda galýar

“Serhetsiz Reportýorlar” (RSF) guramasy şu ýyl žurnalistika işi sebäpli 50 adamyň öldürilendigini, Owganystanyň we Pakistanyň metbugat hünärmenleri üçin iň howply ýurtlaryň arasynda galýandygyny aýdýar. Dünýäde öldürilen şol žurnalistleriň aglaba köplügi korrupsiýa, guramaçylykly jenaýat ýa-da daşky gurşaw meseleleri ýaly temalary derňändikleri üçin bilkastlaýyn öldürildi diýip, düýbi Parižde ýerleşýän, metbugat azatlygyna gözegçilik edýän guramanyň 29-njy dekabrda çap eden hasabatynda bellenilýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Derňewçiler ABŞ-da bolan partlamanyň sebäbini gözleýärler

ABŞ-nyň Tennessi ştatynyň derňewçileri henizem Roždestwo baýramynda irden Neşwiliň merkezini sarsdyran, bombaçynyň ölümine sebäp bolan we taryhy binalara uly zyýan ýetiren partlamanyň sebäbini gözleýärler. Derňewçiler bombaçynyň 63 ýaşly Entoni Kuin Warnerdigini (Anthony Quinn Warner) we partlamada ölendigini aýtdylar. Warner partlamany meýilleşdirendigini we özüni öldürmek isleýändigini görkezýän subutnamalary galdyrdy, ýöne onuň aç-açan sebäbi nämälim bolmagynda galýar. “Jogap alarys diýip umyt edýäris. Читать дальше...