World News in Turkmen
Май
2021
20

Новости за 18.05.2021

Azathabar.com 

Türkmen aktiwistleri seslerini sosial ulgamlar arkaly eşitdirmäge synanyşýarlar

Soňky bir ýyldan gowrak döwürde koronawirus pandemiýasy sebäpli, daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanly zähmet migrantlarynyň we studentleriniň sosial meseleleriniň hasam artandygyny olar Azatlyk Radiosyna aýdýarlar. Hut şonuň üçin-de, olar öz seslerini sosial ulgamlar arkaly häkimiýetlere eşitdirmäge çalyşýarlar. Azatlyk Radiosy mundan öň daşary ýurtlardaky ýaşlaryň döreden “Türkmenistanyň Ýaşlar Hereketi” barada maglumatlar beripdi. Bu hereketi esaslandyryjylaryň biri Nurynyň Azatlyk Radiosyna gürrüň bermegine görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Köýnek tikmek, gap-gaçlara gül goýmak: Özbegistanyň öňki baş prokurorlarynyň hem Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň türme durmuşy

Golaýda Özbegistandaky "Ezgulik" hukuk goraýjy jemgyýetiniň başlygy Zangiatadaky türmä baryp, ýurduň öňki baş prokurory Raşidjon Kadyrow we Özbegistan Döwlet howpsuzlyk gullugynyň öňki başlygy Ihtiýor Abdullaýew bilen söhbetdeş boldy. Raşidjon Kadyrow 2019-njy ýylyň iýun aýynda 10 ýyl türme tussaglygyny höküm edilipdi, Ihtiýor Abdullaýew bolsa 2020-nji ýylyň fewral aýynda 19 ýyl azatlykdan mahrum edildi. "Ezgulik" jemgyýetiniň başlygy Abdurahmon Taşanowyň aýtmagyna görä, konstitusion adam hukuklaryny... Читать дальше...

Azathabar.com 

'Paýok' önümleriniň ýatyrylmak ähtimallygynyň fonunda obalarda 'nätanyş haýyr-sahawatçy' peýda boldy

Türkmenistanda ilatyň agramly bölegi, ýurtda dowam edýän azyk krizisiniň fonunda, döwlet dükanlarynyň subsidirlenen iýmit önümlerine garaşly galýan wagty, häkimiýetler 2 müň manatdan ýokary aýlyk alýan adamlaryň maşgalalaryna subsidirlenen azyk önümlerini bermegi bes etmegi planlaşdyrýar. Ilatyň garyplyk derejesi boýunça anyk statistiki sanlaryň elýetersiz ýurtunda käbir barlykly adamlar ykdysady kynçylyklardan ejir çekýän maşgalalara ýardam elini uzadyp başlady.

Azathabar.com 

Halkara çagyryşlara garamazdan, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklar gowşamaýar

Gaza sebitindäki soňky ýyllaryň dowamyndaky iň güýçli gazaplylygy togtatmak ugrundaky edilýän halkara diplomatiki tagallalara garamazdan, Ysraýyl bilen Hamasyň arasyndaky çaknyşyklar dowam edýär. 18-nji maýda Ysraýyl Gazadaky söweşijileriň nyşanalaryna garşy howa zarbalaryny urandygyny aýtdy. Munuň netijesinde, alty gatly bina weýran boldy. Söweşijiler Ysraýyla onlarça raketany atdylar. Öten agşamky zarbalaryň netijesinde ýüze çykan ýitgiler barada bada-bat maglumat elýeterli edilmedi. 18-nji maýda Ysraýyldaky... Читать дальше...

Azathabar.com 

Konstitusiýa we Baýdak güni mejbury çäreler bilen utgaşdy

Türkmenistan geçen sentýabrda kabul edilen konstitusion üýtgetmelerden soň, 18-nji maýda Baş kanunynyň we Döwlet baýdagynyň gününi belleýär. Azatlygyň habarçylary munuň bilen baglylykda, adatça bolşy ýaly, sebitlerde telewideniýede görkeziler ýaly ýasama, mejbury çäreleriň gurnalandygyny aýdýarlar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy 1992-nji ýylda kabul edildi we üç onýyllyga golaý döwrüň dowamynda ençeme düzedişe we üýtgetmelere sezewar boldy. Baş kanunyna 2016-njy ýylda girizilen üýtgetmeler Gurbanguly... Читать дальше...

Azathabar.com 

Lukaşenka polisiýanyň demonstrantlara garşy ýaraglary ulanmagyna ygtyýar berýän kanuny tassyklady

Belarusda diýdimzor Aleksandr Lukaşenka polisiýanyň we howpsuzlyk gulluklarynyň demonstrantlary ýaraglardan ok atmagyna ygtyýar berýän täze kanuna gol goýdy. 17-nji maýda çykarylan kanuna laýyklykda, kanun goraýjy gulluklarynyň ofiserleri demonstrantlara garşy fiziki hüjümi, ýaraglary, söweş we ýörite serişdeleri ulanan halatynda, eger-de olar “kanuny” hasap edilse, hiç hili jogapkärçilige çekilmezler. Bu ýurtda demokratiki tarapdar hereketi basyp ýatyrmak ugrunda görülýän çäreleriň arasynda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Özbek oppozisiýa syýasatçysy partiýasyny hasaba aldyrmak ugrunda tagalla edýär

Özbek oppozisiýa syýasatçysy güýzdäki prezidentlik saýlawlaryna hasaba durmak üçin, ilkinji synanyşygy ret edilenden soňra, partiýasynyň ýaňadandan gol toplamak kampaniýasyna başlandygyny aýtdy. Hydyrnazar Allagulowyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, geçen hepde Özbegistanyň Adalat ministrligi onuň “Hakykat we Tarakkiýot (Hakykat we Ösüş) Sosial Demokratik” partiýasyny, toplanan gollaryň aglaba böleginiň nädogrydygyny aýdyp, hasaba almakdan ýüz öwüripdir. “[Adalat ministrligi] biziň partiýamyzy... Читать дальше...

Azathabar.com 

SWR-iň başlygy SolarWinds-e Russiýanyň haker hüjümini edendigini ret edýär

Russiýanyň Daşarky aňtaw gullugunyň (SWR) başlygy özüniň garamagyndaky edarasynyň SolarWinds-e garşy kiber-hüjümini amala aşyrandygy baradaky aýyplamalary ret etdi. Birleşen Ştatlaryň we Britaniýanyň aňtaw gulluklary bu hüjüm bilen ilteşikli Moskwany aýyplaýarlar. Bu sebäpli ABŞ Russiýa garşy sanskiýalary hem girizipdi. 2020-nji ýylyň dekabrynda üsti açylan hüjümde hakerler ABŞ-nyň SolarWinds kompaniýasynyň programma üpjünçiliginiň täzelenmelerine zyýanly kod girizipdiler. Bu soňy bilen Birleşen Ştatlaryň hökümetiniň ençeme edaralary... Читать дальше...

Azathabar.com 

Durnuklylykmy ýa-da durgunlyk? Ösüşmi ýa-da durmaklyk? Nazarbaýewiň aýdanlaryny seljerme

Öňki prezident Nursoltan Nazarbaýew Gazagystanyň Halk Assambleýasynyň mejlisinde eden çykyşynda, onýyllyklaryň dowamynda gazanylan "ykdysady ösüş" we ýetilen "durnuklylyk" barada aýtdy.  Ol 2019-njy ýylda prezidentlik wezipesinden çekilse-de, köpleriň pikirine görä, ol de-fakto, ýagny iş ýüzünde heniz hem ýurdy dolandyrmagyny dowam etdirýär. Bilermenler näme üçin Nazarbaýewiň aýdanlaryny “manipulýasiýa” hasap edýärler? «MANIPULÝASIÝA» ÝA-DA NÄME ÜÇIN 90-njy ÝYLLAR BILEN DEŇEŞDIRME GETIRILÝÄR? ... Читать дальше...