World News in Turkmen
Май
2021
20

Новости за 27.05.2021

Azathabar.com 

Russiýa türkmen studentlerine serhetler açylýança, ýurtda galmagyna rugsat berdi

Daşary ýurtlarda okaýan türkmenistanly studentler pasport, ene-atalaryndan pul almak, bank kartlaryna ýatyrylan puly çekmek we beýleki sosial problemalary barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berýärler. Şonuň ýalyda, studentler sosial ulgamlar arkaly çykyş edip, häkimiýetlere seslerini eşitdirmäge çalyşýarlar. Şolaryň birisi Galmygystanyň Elista şäherindäki döwlet uniwersitetiniň studenti Mälikberdi Allamyradowyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde aýtmagyna görä, 24-nji maýda türkmenistanly studentleriň pasport... Читать дальше...

Azathabar.com 

Lebapda ýolbaşçy düzüm prezidentiň kakasynyň kyrky geçýänçä saç syrdyryp, tahýa geýmeli edildi

Lebap welaýatynda edara-kärhanalaryň ýolbaşçy düzümlerinden Gurbanguly Berdimuhamedowyň merhum kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň kyrky geçýänçä saç syrdyryp, tahýaly gezmek talap edilýär. Erkek ýolbaşçylara degişli bolan bu ‘düzgün’, prezidentiň bir aýdan gowrak wagt bäri tahýa geýip, kakasynyň ýasyny tutýan wagtyna gabat gelýär.