World News in Turkmen
Март
2024
3
30
31

Новости за 18.03.2024

Azathabar.com 

Diňle: Ykdysady kynçylyklar ilaty agzaçar sadaklaryny bermekden saklaýar

Türkmenistanda musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Remezan aýynyň birinji hepdesi tamamlanyp barýarka, ýurtda agzaçar sadakalaryny berýän raýatlaryň göz-görtele azdygyny synlasa bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 16-njy martda Aşgabatdan we Türkmengala etrabyndan maglumat berdiler.

Azathabar.com 

Diňle: Maryda azyk harytlary 50% gymmatlady

Türkmenistanda musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Remezan aýynda azyk harytlarynyň bahalarynyň gymmatlamagy dowam edýär. Ýurtda nyrhlaryň ýokarlanmagy bilen bagly nobatdaky maglumat Mary welaýatyndan gelip gowşup, sebitiň bazarlarynda köp önümiň bahasy 50% gymmatlady.

Azathabar.com 

Diňle: Aşgabadyň sement kyssasy ilatda uly alada döredýär

Türkmenistanda gurulýan sementiň hili barada edilmeli çynlakaý aladalar ýene bir gezek 'uludan tutulan aýdym-sazly, alkyşly dabaranyň aşagynda galdy, sement kyssasy özüňi aldamagyň özboluşly nusgasyna öwrüldi' diýip, ýerli hünärmen Azatlyk bilen söhbetdeşlikde aýtdy.