World News in Turkmen
Июль
2025
5
6
12
13
19
20
26
27

Новости за 10.07.2025

Azathabar.com 

Aýdymçynyň prezidente täç geýdirmek baradaky teklibi halkda köp sorag döredýär

Türkmenistanda ‘köşk bagşysy’ hökmünde tanalýan Jemal Saparowanyň türkmen prezidentine täç geýdirip, ony ömürlik şa etmek barada eden çagyryşyny sosial mediada diňlän türkmenistanlylarda bir topar sorag döredi. Olaryň käbiri özüni demokratik, hukuk we dünýewi döwlet diýip atlandyrýan ýurtda orta asyrlardaky dolandyryş usulyna geçilmegi barada edilen çagyryşy ‘ýokardan berlen’ görkezme hasaplasa, beýlekileri bu ‘ýaranjaň bagşylaryň öz inisiatiwasy’ diýen pikiri öňe sürýär. “Mähribanlar, ör turuň, baş egeliň Serdara,//Goý... Читать дальше...

Azathabar.com 

Günorta Koreýanyň öňki prezidenti ýene-de tussag edildi

Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Ýun Sok Ýol ýene-de tussag edildi. Bu baradaky order 9-njy iýulda çykaryldy diýip, Reuters habar berýär. 2024-nji ýylyň dekabrynda Ýun Sok Ýol Günorta Koreýada harby ýagdaý girizmäge synanyşypdy. Emma parlament ony gozgalaň synanyşygynda aýyplap, oňa impiçment yglan edipdi. Reuters agentliginiň ýazmagyna görä, prokuratura Ýunyň Phenýanyň garşylykly çäre görmegine getirmek üçin, Demirgazyk Koreýa tarap harby dronlaryň ugradylmagyna buýruk berendigine şaýatlyk edýän subutnamalary tapdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Pensiýalar ýene gijikdirildi, ýaşulular kösenýär we sebäbini bilmäge synanyşýar

Lebaplylara pensiýa haklary ýene-de wagtynda berilmedi. Bir hepdeden gowrak wagtlap pula garaşýan pensionerler azyk we derman satyn almak, hojalyk töleglerini wagtynda tölemek mümkinçiliginden mahrum bolýarka Azatlygyň habarçylary munuň sebäplerini anyklamaga synanyşýarlar. Sosial üpjünçilik edaralaryna barýan pensionerleriň sany şu günler köp. Raýatlar öz hasaplaryna iýulyň pensiýasynyň geçirilmändiginiň sebäbini anyklamak üçin pension fondunyň başlygynyň ýanyna barmaga howlugýarlar. “Welaýatyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Özbek häkimiýetleri Gülnarа Karimowa bilen bagly BMG-niň tankytlaryna jogap berdi

Özbegistanyň Adam hukuklary boýunça milli merkezi BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi toparynyň, Özbegistanyň merhum prezidentiniň tussaglykdaky uly gyzy Gülnarа Karimowa bilen baglylykdaky netijesine häkimiýetleriň resmi jogabyny çap etdi. Mundan öň, BMG-niň Eden-etdilikli tussag etmeler boýunça işçi topary Gülnarа Karimowanyň tussag edilmegini bikanun diýip ykrar edipdi. Maglumata görä, Karimowa 2014-nji ýyldan bäri halkara hukugyna laýyk gelmeýän ýagdaýda türmede saklanylýar. Şeýle-de... Читать дальше...

Azathabar.com 

Moskwanyň etegindäki Azerbaýjan diasporasynyň ýolbaşçysy Russiýadan deportasiýa edildi

Moskwanyň etegindäki sebitleriň Azerbaýjan diasporasynyň ýolbaşçysy Elşan Ibragimow Russiýadan Azerbaýjana deportasiýa edildi. 4-nji iýulda ol Russiýa raýatlygyndan mahrum edilipdi. RBK-nyň habar bermegine görä, Ibragimow Bakuwa gitdi. Ol Russiýada takmynan 30 ýyl ýaşady we 2018-nji ýyldan bäri Moskwa oblastyndaky Azerbaýjan diasporasyna ýolbaşçylyk edýärdi. RBK-nyň çeşmeleriniň habar bermegine görä, Ibragimowyň raýatlykdan mahrum edilmeginiň resmi sebäbi “Russiýa Federasiýasynyň milli howpsuzlygyna abanýan howpy döredýän hereketleri” bolupdyr.