World News in Turkmen
Июль
2025
5
6
12
13
19
20
26
27

Новости за 16.07.2025

Azathabar.com 

Türkmenabatly telekeçiler barlagçylaryň 'paç' talap etmeginden nägile

Türkmenabadyň bazarlarynda azyk önümlerini satýan telekeçiler şäheriň sanitariýa-arassaçylyk gullugynyň işgärleriniň ýygy-ýygydan baryp, resmi däl görnüşde pul talap etmeginden ýadandygyny aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, barlagçylar harytlaryň arassaçylyk ýagdaýynda kemçiligiň bardygyny aýdyp, işgärlerden paç töläp durmagy talap edýärler. Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenabatly telekeçileriň sözlerine görä, soňky aýlarda barlagçylaryň basyşy has hem güýçlenipdir. “Dynç güni bazara gelen barlagçy... Читать дальше...

Azathabar.com 

Balkanda we Ahalda tozanly ýel turdy, ýagyn we sil suwlary köçeleri basdy

Türkmenistanyň giňişliginde adaty bolmadyk tebigy ýagdaýlaryň birnäçesi döredi. Soňky iki günde güýçli ýagyn ýagyp, ýel tudy, tozanly tupanlar boldy we käbir sebitleri suw basdy. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary we çeşmeleri bolan hadysalar barada habar berdiler. Balkan welaýatynda iki günläp ýagan güýçli ýagyşyň netijesinde käbir ilatly ýerleri suw basdy, Balkanabat şäheriniň köçeleri suwdan doldy. "Balkanabat şäherine uly derejede zyýan ýetdi. Şäheriň köp ýerleriniň ýollaryny sil suwy basdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Maryda hor düşen mallar bazara çykarylýar, ýangyç gytçylygy çekirtge belasyna 'urna boldy'

Mary welaýatyndaky çopanlar meýdanda bakylýan sygyrlar üçin kepek, iým daşamagyň barha gymmat düşýändigini aýdýarlar, adamlar çekirtgeleriň geçen ýerlerinde ot tapman, aýak üstünde zordan durýan mallaryny basymrak satyp dynmaga çalyşýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Redaksiýa gelip gowşan fotosuratlardan görnüşine görä, mallar gaty horlanyp, gapyrgalary sanaýmaly bolupdyr. Ýük maşynlaryna ýüklenip, mal bazarlaryna getirilen sygyrlaryň, göleleriň hyrydary az diýip, maldarlar hojalyklaryň uly zyýana galýandygyny gürrüň berdiler. Читать дальше...

Azathabar.com 

2025-nji ýylda Türkmenistanda ÝOJ-lary 15 müňe golaý talyp tamamlady – ýerli media

2025-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryny 15 müňe golaý talyp tamamlady. Bu barada hökümetçi türkmen onlaýn neşirleri ýerli metbugata salgylanyp habar berýär. Maglumata görä, 2024-2025-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdeplerinde: hünärmen maksatnamasy boýunça 297 hünär,bakalawr maksatnamasy boýunça 176,magistr maksatnamasy boýunça 24 taýýarlyk ugry hereket edipdir.Şu ýyl 10 müňe golaý hünärmen, 4 müň 900-den gowrak bakalawr, 550-ä golaý magistr okuwlaryny tamamlapdyr. Resmi sanlara görä... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ýekaterinburgda Azerbaýjan diasporasynyň ýolbaşçysynyň ogly saklandy

15-nji iýulda agşam Russiýanyň Ýekaterinburg şäherinde ýerli azerbaýjan diasporasynyň ýolbaşçysy Şahin Şihlinskiniň ogly Mutwaly Şihlinski saklandy. Bu barada birnäçe media habar berýär. E1.RU neşiriniň maglumatyna görä, Mutwaly soraga çekildi, onuň saklanmagy bolsa kanun goraýjy edaranyň işgärine ýetirilen şikes bilen baglanyşykly. Şu aýyň başynda Mutwaly Şihlinskiniň kakasy Şahin hem saklanypdy. Ol sorag edilenden birnäçe sagat soň azatlyga goýberildi. Şihlinskiniň oglunyň saklanmagy, güýç edaralarynyň kakasyny saklaýan pursady... Читать дальше...

Azathabar.com 

Uly Berdimuhamedow Azerbaýjana sapar edýär

16-njy iýulda Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana sapar edýär. Azerbaýjan metbugatyna görä, ozalky prezidenti Bakuwyň aeroportunda premýer-ministriň birinji orunbasary Ýagub Eýýubow we daşary işler ministriň orunbasary Samir Şarifow dagy garşy alypdyr. Azerbaýjanyň perzidentiniň websaýtyna görä, Ylham Alyýew bilen Berdimuhamedowyň ýüzbe-ýüz duşuşygy geçdi. Alyýew iki ýurduň arasynda syýasy, ykdysady, şol sanda transport we energetika pudagy boýunça köp öňegidişiligiň bardygyny aýdyp... Читать дальше...