World News in Turkmen

‘Gürji Arzuwy’ içeri işler ministrini premýer-ministr wezipesine dalaşgär edip belledi

Gürjüstanyň häkimiýet başyndaky “Gürji Arzuwy” partiýasy ýurduň içeri işler ministri Giorgi Gakhariany premýer-ministr wezipesine özüniň dalaşgäri edip belledi.


Partiýanyň başlygy, milliarder işewür Bidzina Iwanişwili 3-nji sentýabrda geçirilen we bir sagat dowam eden syýasy geňeşiň soňunda bu teklibi tassyklady.


2-nji sentýabrda Mamuka Bakhtadze özüne tabşyrylan wezipäni ýerine ýetirendigini aýdyp, premýer-ministr wezipesinden çekilýändigini yglan etdi. Ol bu wezipäni bir ýyldan sähel köp wagt bäri eýeleýärdi.

Читайте на сайте