World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Новости за 03.09.2019

Azathabar.com 

Parahatçylyk ylalaşygy ‘prinsipde’ ylalaşylan mahaly, 'Talybanyň' hüjümi Kabuly sarsdy; 16 adam öldi

“Talyban” topary 2-nji sentýabrda Kabulda azyndan 16 adamyň ölümine sebäp bolan ulagly bomba partlamasynyň we ýaragly adamlaryň hüjüminiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy. Bu hüjüm “Talyban” topary Owganystanda 18 ýyl bäri dowam edýän konfliktiň soňuna ýetmek boýunça “prinsipde” ylalaşan mahalyna gabat geldi. Bu Birleşen Ştatlaryň gatnaşmagyndaky iň uzaga çeken söweşdir. Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Nusrat Rahimi partlamanyň owgan paýtagtynda, daşary ýurt guramalarynyň we ýardam berýän... Читать дальше...

Azathabar.com 

Moskwanyň polisiýasy 31-nji awgustdaky protestden soň, üç oppozision aktiwisti tussag etdi 

2-nji sentýabrda Moskwada kanun goraýjy häkimiýetler üç gün ozal geçirilen, rugsat berilmedik ýörişe gatnaşandygy üçin üç oppozision aktiwisti tussag etdi. Bu barada aktiwistleriň sosial mediada çap eden maglumatlarynda aýdylýar, şeýle-de olaryň kärdeşleri, ýerli media serişdeleri habar berýärler. Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň aklawçysy Lýubow Sobol Moskwanyň etegindäki etrap polisiýa merkezine alnyp gidildi diýip, toparyň metbugat wekili aýtdy. 31-nji awgustda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Hong Konguň lideri mümkinçilik bolsa wezipesinden çekiljekdigi barada çykan habarlary ret edýär

Hong Konguň lideri Karrie Lam özüniň ýapyk gapylaryň aňyrsynda biznes liderleriniň öňünde eden çykyşynyň syzdyrylan audio ýazgysy Reuters tarapyndan çap edilenden soňra, eger mümkinçilik bolsa wezipesinden çekiljekdigi barada çykan habarlary ret edýär. 3-nji sentýabrda Lam özüniň “wezipeden çekilýändigi barada hiç haçan arza tabşyrmandygyny” aýtdy, ýöne ol audio ýazgynyň hakykylygyny inkär etmedi. Audio ýazgyda Lamyň “Hong Kongda uly bulaşyklygyň döremegine sebäp bolan baş ýerine ýetirijini bagyşlap bolmaz. Читать дальше...

Azathabar.com 

‘Gürji Arzuwy’ içeri işler ministrini premýer-ministr wezipesine dalaşgär edip belledi

Gürjüstanyň häkimiýet başyndaky “Gürji Arzuwy” partiýasy ýurduň içeri işler ministri Giorgi Gakhariany premýer-ministr wezipesine özüniň dalaşgäri edip belledi. Partiýanyň başlygy, milliarder işewür Bidzina Iwanişwili 3-nji sentýabrda geçirilen we bir sagat dowam eden syýasy geňeşiň soňunda bu teklibi tassyklady. 2-nji sentýabrda Mamuka Bakhtadze özüne tabşyrylan wezipäni ýerine ýetirendigini aýdyp, premýer-ministr wezipesinden çekilýändigini yglan etdi. Ol bu wezipäni bir ýyldan sähel köp wagt bäri eýeleýärdi.

Azathabar.com 

Bahamalarda Dorian tupany sebäpli bäş adam öldi we başga-da 21 sanysy ýaralandy

2-nji sentýabrda Bahamalarda Dorian tupany sebäpli bäş adam öldi we başga-da 21 sanysy ýaralandy diýip, dpa habar agentligi premýer-ministr Hubert Minnise salgylanyp habar berdi. Minnis güýçli siliň gelmegine, üçekleriň agdarylmagyna we agaçlaryň ýykylmagyna sebäp bolan tupany “deňi-taýy bolmadyk” diýip atlandyryp, ýurduň “taryhy betbagtçylygyň ortasyndadygyny” aýtdy. Apy-tupanyň derejesi 4-nji kategoriýa çenli pese gaçan hem bolsa, ol Bahama adalaryna zyýan ýetirmegi dowam etdirýär. Sebäbi ýokary... Читать дальше...