Özbek tikinçisi dünýäniň iň täsirli zenanlarynyň 100-lügine girdi
Özbegistanly tikinçi we telekeçi Dilorom Ýuldoşewa 2024-nji ýylda dünýäniň dürli künjeklerinden bolan hyjuwlandyryjy we täsirli zenanlaryň 100-lüginiň sanawyna girdi diýip, BBC habar berýär. BBC-niň ýörite taslamasynyň awtorlarynyň sözlerine görä, Dilorom Ýuldoşewa iki ýyl ozal hasyl ýygnalan wagtynda bolan betbagtçylykly hadysa netijesinde iki aýagyny ýitirdi. Bolan betbagtçylyga garamazdan, ol umytdan düşmedi we, öz tikinçilik işini açyp, ýaş aýal-gyzlara gazanç etmek mümkinçiligini döretmek kararyna geldi. Читать дальше...