Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda kuwwatlylygy bir gije-gündizde 25 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desga ulanmaga berildi diýip, TDH 25-nji dekabrda habar berdi.
Mundan öň, 24-nji dekabrda neşir Ahal welaýatynda ulanmaga berlen suw desgalary barada habar beripdi.
Habarda anyklaşdyrylman aýdylmagyna görä, dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň enjamlary bilen enjamlaşdyrylan desga dolandyryş we suw arassalaýyş binalaryndan, suw durlaýjy howuzlardan we beýlekilerden ybarat bolup, ilaty arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün eder.