World News in Turkmen
Май
2019

Новости за 09.05.2019

Azathabar.com 

Aşgabadyň häkimiýetleri Ýeňiş güni öýsüz itlere garşy göreşdi

9-njy maýda Türkmenistanyň paýtagtynda öýsüz itler awlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň sözlerine görä, günüň başynda, hususan-da, Görogly (öňki Şewçenko) köçesinde jemagat gulluklarynyň işgärleri birnäçe iti, şol sanda güjükleri tutup äkidipdir.  "Şu gün Ýeňiş güni, Görogly köçesinde birnäçe iti tutdular, olar ýaňy-ýakynda bu ýerde ornaşypdy we hiç kime päsgel bermeýärdi. Olara iýmit berýärdiler" diýip, habarçymyz aýtdy. Onuň sözlerine görä, tutulan haýwanlary ýörite ulaga salyp, näbelli bir ýere äkidipdirler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Garadag sudy Orsýete tarapdar 14 adama türme hökümlerini çykardy

Garadagyň Ýokary sudy 2016-njy ýylda, ýurduň NATO agzalygy teklibini puja çykarmak niýeti bilen planlaşdyrylan döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň çäginde, ruslardan, serblerden we garadaglylardan bolan 14 adama terrorçylyk we jenaýatçylykly topar döretmek aýyplamalary esasynda höküm çykardy.

Azathabar.com 

Garadagda agdarylyşygy geçirmek synanyşygynda 14 adama höküm çykaryldy

Garadagyň Ýokary sudy ýurduň NATO girmek tagallalaryny böwetlemek üçin 2016-njy ýylda agdarylyşygy geçirmek synanyşygynyň çäginde jenaýatçylykly topary döretmekde we terrorizm aýyplamalary esasynda ruslardan, serblardan we garadaglylardan ybarat 14 adama höküm çykardy. Russiýanyň harby aňtaw gullugynyň, ýagny GRU-nyň ofiserleri bolmakda güman edilýän iki russiýaly Gadaragyň hökümetini agdarmagy guramalaşdyrmakda aýyplandy. Eduard Sismakow 15 ýyl we Wladimir Popow 12 ýyl türme tussaglygyna gaýybana ýagdaýda höküm edildi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystanda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň websaýty elýeterli däl

Gazagystanda 9-njy maý güni irden Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň we beýleki internet neşirleriniň ençemesiniň websaýtlary elýeterli bolmady. Gazagystanda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň saýtyna VPN ýa beýleki proksi ulgamlary arkaly girip bolýar. Gazak resmileri häzirlikçe bu barada hiç hili kommentariýa bermediler. Ýurduň Maglumat ministrliginden, Milli Howpsuzlyk Kommitetinden we Kazaktelekomdan hem häzirlikçe maglumat almak başartmady. 8-nji maýda Baş prokuratura beýanat ýaýradyp... Читать дальше...

Azathabar.com 

ŽGK ukrain žurnalistine edilen hüjümiň “hopukdyryjy” bolandygyny aýdýar

Media azatlygyna gözegçilik edýän halkara guramasy Ukrainada žurnalist Wadym Komarowa edilen gazaply hüjümiň “hopukdyryjy” bolandygyny aýtdy. Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Žuranlistleri Goramak boýunça Komitet (ŽGK) ukrain resmilerine ýüzlenip, Komarowa edilen hüjümiň sebäplerini anyklamaga we munuň bilen ilteşikli şahsyýetleri jogapkärçilige çekmäge çagyrdy. Komarowa 4-nji maýda, Kiýewiň 200 km günortasyndaky Çerkasy şäherinde hüjüm edildi. Munuň yzy bilen oňa keselhanada operasiýa geçirildi. 7-nji maýda ol heniz hem komada... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ Tährana garşy täze sanksiýalary girizdi

ABŞ Eýranyň metal senagatyny nyşana alýan täze sanksiýalary girizdi. Şol günüň özünde, Tähran dünýäniň iri döwletleri bilen 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygy bilen baglylykda öz üstüne alan borçnamalarynyň käbirinden el çekýändigini yglan edipdi. Ak Tamyň 8-nji maýda beren maglumatyna görä, täze sanksiýalar Eýranyň polat, alýumin, mis we demir pudaklaryny öz içine alýar. Bellesek, bular Eýranyň möhüm girdeji çeşmeleridir. Mundan birnäçe sagat öň bolsa, Tähran mundan beýläk baýlaşdyrylan urany we agyr suwy... Читать дальше...

Azathabar.com 

“Talyban” Kabulda ABŞ-nyň kömek toparynyň edarasyna hüjüm etdi

Kabulda “Talyban” jeňçileri halkara kömek toparynyň edarasyna hüjüm edip, azyndan bäş adamy öldürdiler, başga-da 24-isini ýaraladylar. Içeri işler ministrliginiň metbugat wekiliniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, hüjüm çarşenbe güni ýerli wagt bilen 11:40-da başlanypdyr. Jeňçiler ilki bilen, ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) bilen işleşýän bähbit aramaýan Halkara Hyzmatdaş toparynyň edarasynda uly partlamany amala aşyrypdyrlar. Munuň yzy bilen, bäş hüjümçi binanyň içine kürsäp giripdir. Читать дальше...

Azathabar.com 

Asiýa Bibi Pakistany terk edip, Kanada ugrady

Pakistanda dine dil ýetirmekde aýyplanyp, ölüm jezasyna höküm edilen; soňy bilen-de aklanan hristiýan aýaly Kanada aşmak üçin ýurtdan çykdy. Bu barada pakistan resmileri maglumat berýärler. Geçen ýyl Pakistanyň Ýokary Sudy Asiýa Bibä çykarylan ölüm hökümini ýatyrypdy. Munuň yzy bilen, ýurtda aşa dinçileriň gazaply protestleri döräpdi. Pakistanyň resmileri Bibiniň Kanada ugrandygyny mälim etseler-de, onuň ýurtdan çykan anyk senesi barada hiç hili maglumat bermediler. Bibiniň aklawçysynyň sözlerine görä, ol eýýäm Kanada aşypdyr. Читать дальше...