World News in Turkmen
Май
2019

Новости за 18.05.2019

Azathabar.com 

Awstriýanyň wise-kansleri gizlinlikde düşürilen wideo çap edilenden soň işden çekildi

Awstriýanyň wise-kansleri Haýns Kristian Ştrahe (Heinz-Christian Strache) gizlinlikde düşürilen wideo çap edilenden soň işden çekildi, ol bu ýazgyda, syýasy goldawyň deregine, mümkin bolan rus donaryna gymmatbaha hökümet şertnamalaryny teklip edýän şekilde görünýär. "Men Awstriýanyň kansleri [Sebastian] Kurza wise-kanserlikden çekilmek hakyndaky arzamy berdim, ol bu karary kabul etdi” diýip, Ştrahe 18-nji maýda telewideniýede berlen beýanatynda aýtdy. Sştrahe özüniň hiç bir kanuny bozmandygyny aýdyp... Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýran ýazyjysy jemi 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi

Eýran sudy üç ýazyjyny milli howpsuzlyga garşy jenaýatda günäli tapyp, jemi 18 ýyl azatlykdan mahrum etdi. Reza Khandan Mahabadi, Baktaş Abtin we Kayvan Bajan “döwlete garşy propaganda” alyp barmakda, “milli howpsuzlyga garşy hereket etmekde” günäli tapyldy.  Olaryň her birini alty ýyl azatlykdan mahrum etmek hökümi çykaryldy diýip, habarlarda aýdylýar. Olaryň sudy, aýdylmagyna görä, aprel aýynyň aýagynda boldy. Bu hili aýyplamalara daýanýan türme hökümleri Eýranda köplenç intellektuallara we... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ Pars aýlagynda uçýan ýolagçy uçarlaryna duýduryş berýär

Federal awiasiýa adminstrasiýasy ABŞ-nyň Pars aýlagynyň suwlarynyň üstünden uçýan kommersiýa uçarlaryna olaryň ABŞ-Eýran dartgynlyklarynyň ýokarlanmagynyň çäginde anyklaşdyrylmadyk töwekgellik bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny duýdurdy.  Bu guramanyň 16-njy maýda çap edilen maslahat-geňeşine laýyklykda, bu duýduryş “sebitde ýokarlanan harby işjeňligiň we güýçlenen syýasy dartgynlyklaryň ABŞ-nyň raýat uçarlarynyň hereket etmegine döredýän bimatlap, ýalňyşlyk ýa dogry saýgaryp bilmezlik esasynda ýüz berip biljek töwekgelligik” esasynda berilýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Orsýetde ýokarlandyrylan salgytdan soň ykdysady ösüş peseldi

Orsýetiň ykdysadyýeti birinji çärýekde kesgin aşak gaçdy, hökümet bu ýagdaýy goşmaça gymmat salgydynyň köpeldilmeginden soň sarp edijileriň talabynyň peselmeginden görýär.  Orsýetiň statistika gullugy Rosstat 17-nji maýda jemi içerki önüm ösüşiniň 2019-njy ýylyň başky üç aýynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bary-ýogy 0.5% bolandygyny aýtdy.  Bu 2017-nji ýylyň aýagyndan bäri iň pes görkeziji bolup durýar, şol wagt jemi içerki önümiň ösüşi 0.3% bolupdy. Ykdysadyýet ministrligi... Читать дальше...