World News in Turkmen
Май
2019

Новости за 10.05.2019

Azathabar.com 

“Biz Aşgabadyň häkiminiň hyzmatkärleri”

Türkmenistanda II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 74-nji ýyldönümi bellenilen mahalynda, Aşgabadyň Ýaşaýyş jaý dolandyryş müdirlikleriniň zenan işgärleri köçeleri süpürip, ýoluň ýakasyndaky haşal otlary arassalamaga mejbur edildi.

Azathabar.com 

Halilzad: “Talyban” bilen gepleşiklerde “has tiz özgeriş” gerek

ABŞ-nyň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad “Talyban” bilen gepleşikleriň nobatdaky tapgyryndan soň, parahatçylyk gepleşikleri boýunça “has tiz özgerişiň” gerekdigini aýtdy. Halilzad Kataryň paýtagty Dohadaky gepleşikleriň soňky tapgyrynda “ynamly, ýöne haýal öňegidişligiň” gazanylandygyny aýtdy. “Talybanyň” metbugat wekili beýanat bilen çykyş edip, gepleşikleriň “oňaýly” häsiýete eýe bolandygyny, şeýle-de olaryň dowamynda Owganystandan halkara güýçleriniň doly çykarylmagy ýaly meselelere garalandygyny mälim etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ Eýrana duýduryş berip, gepleşiklere çagyrdy

ABŞ Eýranyň islendik hüjümine “bata-bat we ynamly” jogabyň beriljekdigini duýduryp, şol bir wagtda ýurduň liderlerini gepleşiklere çagyrdy. Döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) 9-njy maýda beýanat bilen çykyş edip, “Eýran ýalňyşyp biziň häzirki pursada çenli görkezýän sabyrlylygymyzy meseläni çözüp bilmeýänligimiz bilen bulaşdyrmasyn” diýip, belledi. “Tähranyň režimi özleriniň ýa-da proksileriniň üsti bilen ABŞ-nyň islendik bähbitlerine ýa-da raýatlaryna etjek hüjümleriniň ABŞ-nyň bada-bat... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazagystanda protestçiler tussag edildi

Gazagystanda 9-njy maýda, ýagny II Jahan urşunda gazanylan ýeňşiň 74-nji ýyldönümi bellenilýän pursady hökümete garşy protestleri geçiren ençeme demonstrant tussag edildi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary paýtagt Nur-Soltanda azyndan bir protestçiniň we ýurduň iň iri Almaty şäherinde hem ençeme demonstrantyň tussag edilmegine şaýat boldular. Şol bir wagtda, 9-njy maý güni sosial ulgamlarynyň we habar saýtlarynyň ençemesi, şol sanda Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň websaýty hem elýeterli bolmandy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Rus žurnalisti Sergeý Dorenko aradan çykdy

Moskwada rus žurnalisti Sergeý Dorenko aradan çykdy. Rus habar serişdeleriniň maglumatyna görä, Dorenko paýtagtyň merkezinde motosikli sürüp barýan pursady huşundan gidipdir. Mundan ozalky habarlarda onuň ýol heläkçiligine uçandygy aýdylypdy. 59 ýaşly Dorenko 1990-njy ýyllarda we 2000-nji ýyllaryň başlarynda uly meşhurlyga eýedi. 2000-nji ýylda Dorenko özüniň tele-gepleşiginde “Kursk” suwasty ýadro gämisiniň heläkçilige uçramagy bilen baglylykda rus hökümetini ýiti tankytlanyndan soň, onuň gepleşigi ýatyrylypdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Bagdadyň bazarynda amala aşyrylan hüjümde sekiz adam öldi

Bagdadyň Sadr sebitindäki bazarlaryň birinde janyndan geçeniň amala aşyran bombaly hüjüminde azyndan sekiz adam öldi, başga-da 15-isi ýaralandy. Ýerli polisiýa wekiliniň beren maglumatyna görä, janyndan geçen Jamila bazarynda, uly märekäniň arasynda özüni partladypdyr. Hüjümiň jogapkärçiligini “Yslam döwleti” ekstremistiki topary öz üstüne aldy. Hüjüm ýerli wagt bilen gije sagat dokuzlar töweregi, ýagny musulmanlaryň agzaçardan soň, köçelere çykan pursady amala aşyryldy. Bagdatda ençeme ýyllap dowam eden gazaplylykdan soň... Читать дальше...