World News in Turkmen
Май
2019

Новости за 20.05.2019

Azathabar.com 

Aşgabatly telekeçilere paýtagtyň daşyna göçmek maslahat berildi

Aşgabadyň telekeçilerine öz ofislerini paýtagtyň çetine göçürmegi tabşyrdylar. Azatlyk Radiosyna mälim bolşuna görä, häkimiýetleriň bu karary telekeçilere 15-nji maýda, gyssagly görnüşde gije yglan edilipdir.  "15-nji maýa geçilýän gije Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginde biznesmenleri ýygnap, olara şäheriň daşyna Senagat zonasy diýilýän ýere göçmegiň, öz edara jaýlaryny şol ýere göçürmegiň zerurlygyny yglan etdiler" diýip, Azatlygyň habarçysy 20-nji maýda habar berdi. Häzirki wagtda... Читать дальше...

Azathabar.com 

Zelenskiý Ukrainanyň prezidentligine kasam getirdi

Wolodymyr Zelenskiý Ukrainanyň prezidentligine kasam getirdi we dessine ýurduň parlamentini dargatdy. Zelenskiý Kasam getireninden soň eden çykyşynda ýokary derejeli resmileriň, şol sanda baş prokuror Ýuriý Lutsenkonyň, goranmak ministriniň we döwlet howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň wezipelerinden gitmegini sorady. “Men Werhownaýa Radanyň sekizinji çagyrylyşyny dargadýaryn” diýip, Zelenskiý çykyş etdi. Ol irki saýlawlaryň geçiriljek senesi barada hiç hili maglumat bermedi.

Azathabar.com 

Täjik türmesinde YD-nyň höküm edilen jeňçileri gozgalaň turuzdy, 29 tussag öldürildi

Täjigistanyň ýokary derejede goralýan türmesinde ýüze çykan gozgalaňda üç sakçy we 29 tussag öldürildi. Bu barada ýurduň Adalat ministrligi maglumat berýär. Hadysa 19-njy maýda paýtagt Duşenbeden 25 km uzaklykdaky Wahdat şäherindäki türmede ýüze çykdy. Gozgalaň dürli söweşiji, şol sanda “Yslam döwleti” ekstremistiki toparynyň höküm edilen jeňçileriniň üç sakçyny pyçaklap öldürmeginden soň başlady. Maglumata görä, tussaglar pyçak we beýleki kesgir serişdeler bilen ýaraglanypdyrlar. “Resmiler... Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Bagdatdaky ilçihanasynyň golaýynda raketa ýaryldy

Bagdadyň Ýaşyl zolagynda, ABŞ-nyň ilçihanasynyň uly desgasynyň golaýyna raketa gelip düşdi. Bu regiondaky dartgynlylyklaryň ýitileşen, Waşingtonyň Yrakdaky işgärlerini yzyna çagyran we prezident Donald Trampyň Eýrana duýduryş beren döwrüne gabat geldi. Yragyň döwlet eýeçiligindäki habar agentliginiň beren maglumatyna görä, 19-njy maýda Katýuşa kysymly raketanyň ýarylmagy netijesinde adam ýitgileri bolmandyr. Raketa ABŞ-nyň ilçihanasyndan bir kilometr töweregi uzaklykda ýaryldy. Bu sentýabrdan... Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýranda üç şahyr türme tussaglygyna höküm edildi

Eýranda sud üç şahyry milli howpsuzlyga garşy jenaýat etmekde günäli tapyp, umumy hasapda 18 ýyl türme tussaglygyna höküm etdi. Reza Khandan Mahabadi, Baktaş Abtin we Kaýwan Bajan “döwlete garşy propogandada” we “milli howpsuzlyga garşy hereket etmekde” günäli tapyldylar. Olaryň her birine alty ýyl türme tussaglygy berildi. Su diňlenişiginiň apreliň aýagynda geçirilendigi aýdylýar. Bular ýaly aýyplamalar, adatça, inteligensiýanyň wekillerine we Eýranyň ruhany režimini tankytlaýanlara garşy bildirilýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

Owgan parlamentiniň ilkinji mejlisinde ýakalaşyk ýüze çykdy

Owganystanyň täze parlamentiniň ilkinji mejlisinde onuň spikeri üstündäki närazylyklar sebäpli ýakalaşyk ýüze çykdy. Internetde ýerleşdirilen wideoda parlamentiň aşaky öýüniň, ýagny Wolesi Jirganyň başlygy hökmünde telekeçi Mir Rahman Rahmaniniň yglan edilmegi netijesinde  kanunçykaryjylaryň arasynda dawa-jenjel döredi. Parlament geçen ýylky dawaly saýlawlardan soň, 19-njy maýda özüniň ilkinji mejlisini geçiripdi. Mundan bir öň geçirilen ses berilişikde Rahmani 123 sesi alyp, özüniň garşydaşy Kamal Nasir Osuliden üstün çykypdy. Читать дальше...