World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Новости за 23.09.2019

Azathabar.com 

Britaniýa saudlaryň nebit desgasyna edilen hüjüme Eýranyň jogapkärdigini aýdýar

Premýer-ministr Boris Jonson Britaniýa 14-nji sentýabrda Saud Arabystanyň nebit desgalaryna edilen hüjümiň arkasynda Eýranyň durandygy baradaky netijä geldi diýip, belledi. Şeýle-de ol şalygyň goraglylygyny güýçlendirmek ugrundaky ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky harby koalisiýa goşulmak meselesini seljerjekdigini hem aýtdy. Şol bir wagtda, Jonson Britaniýanyň öz ýaranlary bilen Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyklary “gowşatmak” ugrunda tagalla etjekdigini hem sözüne goşdy. Konserwatiw premýer-ministr... Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp Zelenskiý bilen Biden barada gürleşendigini tassyklady

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp iýulda Ukrainanyň prezidenti bilen Joe Biden barada gürleşendigini tassyklady. Tramp 22-nji sentýabrda çykyş edip, 25-nji iýulda Wolodymyr Zelenskiý bilen gürleşende “biz wise-prezident Biden we onuň ogly ýaly adamlarymyzyň” Ukrainadaky parahorlyga goşant goşmagyny islemeýäris diýip, aýdandygyny belledi. Demokrat Bideniň 2020-nji ýylda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynda Respublikan Trampyň esasy bäsdeşi bolmagyna garaşylýar. 20-nji sentýabrda The Wall Street... Читать дальше...

Azathabar.com 

Pompeo Pekiniň etniki uýgurlary Hytaýa ibermek baradaky talaplaryny ret etmäge çagyrdy

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo ähli döwletlere ýüzlenip, Pekiniň etniki uýgurlary yzyna - Hytaýa ibermek baradaky talaplaryny ret etmäge çagyrdy. Pompeo bu barada 22-nji sentýabrda çykyş etdi. Pompeo Pekiniň Şinjiang sebitindäki uýgur musulmanlaryny tussag etmeginiň – Hytaýyň aýdyşy ýaly – terrorizm bilen hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny belläp, eýse munuň azlykdaky medeniýetleri we dinleri “ýok etmek” synanyşygydygyny nygtady. “Men Hytaýyň Şinjiang sebitinde alyp barýan repressiýa kampaniýasynyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Polisiýa Putiniň suratyny mazarlykda ýerleşdirmekde aýyplap, üç aktiwisti saklady

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki mazarlyklaryň birinde rus prezidenti Wladimir Putiniň we beýleki ýokary derejeli resmileriň suratlary tapylandan soň, polisiýa üç aktiwisti saklady. 21-nji sentýabrda ýogalanlary we olaryň jesetlerini garalamakda aýyplanyp saklananlaryň üçüsi hem Agit Russiýa toparynyň agzalarydyr. Bu topar ozal hem şular ýaly çäreleri geçiripdi. Polisiýa saklananlaryň ikisini goýberdi. Üçünji şahsyýet heniz hem tussaglykda saklanylýar. Eger-de onuň günäsi subut edilse,... Читать дальше...

Azathabar.com 

Owgan resmileri: “Talyban” agyr ýitgilere sezewar boldy

Owganystanyň ençeme welaýatynda hökümet güýçleriniň geçiren soňky operasiýalarynyň netijesinde “Talyban” jeňçileri agyr ýitgilere sezewar boldy diýip, owgan resmileri maglumat berýärler. Paýtagt Kabulyň demirgazygyndaky Parwan welaýatynyň polisiýa başlygynyň 22-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, şenbe güni giçlik  Çarikar sebitinde ýüze çykan çaknyşyklaryň netijesinde “Talybanyň” kommandiri we alty jeňçisi öldürilipdir. Gazni welaýatynyň harby resmileri öten agşam Mukur, Raşidan we Waghaz... Читать дальше...