World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Новости за 28.09.2019

Azathabar.com 

Eýran ABŞ-ny ministri Nýu-Ýorkda hassa diplomaty soramaga goýbermändigi üçin tankytlaýar

Eýran Birleşen Ştatlary öz daşary işler ministrine, Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasyna gatnaşýan mahalynda, şäherdäki hassahanda bejergi alýan eýran diplomatyny sorap gaýtmaga rugsat bermändigi üçin tankyt etdi. ABŞ häkimiýetleri Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarife Nýu-Ýorkuň diňe alty blogynyň çäginde galmak çäklendirmesini girizdiler. ABŞ-nyň Döwlet departamenti, eger-de Eýran “ýalňyşlykda tussag edilen” ABŞ raýatlaryny azat etse, özüniň Zarife BMG-däki ilçi Majid Takht Rawançi görmäge rugsat berjekdigini aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Trampyň aklawçysy Ermenistanda Kremliň howandarlygynda geçýän çärä gatnaşmagyny goýbolsun etdi

Trampyň hususy aklawçysy Rudi Juliani Ermenistanda Kremliň howandarlygynda geçirilýän çärä gatnaşmagyny garaşylmadyk ýerden, birden goýbolsun etdi. Bu çärä rus prezidenti Wladimir Putiniň hem gatnaşmagyna garaşylýar.  “The Washington Post” 27-nji sentýabrda prezident Donald Trampyň ukrain prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen eden telefon gürrüňindäki esasy gapma-garşylykly şahs bolan Julianiniň telefon söhbetdeşliginde bu konferensiýada guralýan diskussiýa gatnaşmagy planlaşdyrýandygyny tassyklandygyny habar berdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Ukrainadaky ýörite wekili Kurt Wolker işden çekildi

ABŞ-nyň Ukrainadaky ýörite wekili Kurt Wolker işden çekildi. Bu barada, öz çeşmelerine salgylanyp, AP we “Roýters” agentlikleri habar berýär. Bu bäşinji gün, amerikan aňtaw gullugynyň anonim işgäriniň ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň ukrain prezidenti Wladimir Zelenskä basyş eden bolmagynyň ähtimallygy baradaky şikaýaty çap edilenden soň boldy.  Dokumente laýyklykda, ABŞ-nyň prezidenti ukrain kärdeşinden ABŞ-nyň ozalky wise-prezidenti Joe Baýdeniň oglunyň Ukrainadaky işini derňemegi haýyş etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Ýetginjek aktiwist Montrealda 500 müň protestçiniň öňüni çekdi

Ýetginjek klimat aktiwisti Greta Thunberg, klimat özgermesinden abanýan howp-hatlardan habardarlyk we dünýä liderlerini ýyladyşhana gazlaryny azaltmakda has kän tagalla etmäge çagyrmagyň çäginde, Montrealda 500 müň çemesi adamlyk protestiň öňüni çekdi. 16 ýaşyndaky şwed gyzy 27-nji sentýabrda hususy ýagdaýda kanadanyň premýer-ministri Justin Trudeau bilen hem duşuşdy, emma soňra metbugat ýygnagynda onuň global maýlama sebäp bolýan kömürturşy gazlary azaltmak boýunça ýeterlik tagalla etmeýändigini aýtdy. Читать дальше...