World News in Turkmen
Сентябрь
2019

Новости за 25.09.2019

Azathabar.com 

Pelosi Trampyň impiçment derňewini geçirmegi tabşyrdy

ABŞ-nyň Wekiller Öýündäki Demokratlar prezident Donald Trampyň öz bäsdeşini derňemek üçin Ukraina basyş edendigi baradaky aýyplamalar boýunça, häkimiýet başyndaky kasamyna “dönüklik” etmekde resmi impiçment derňewine başlandyklaryny aýtdylar. Wekiller Öýüniň spikeri Nensi Pelosi 24-nji sentýabr güni giçlik Trampyň “häkimiýet başyndaky kasamyna dönüklik edendigi, ýurdumyzyň milli howpsuzlygyna dönüklik edendigi we saýlawlarymyzyň tämizliligine dönüklik edendigi” üçin bu ädimiň möhümdigini aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkiýedäki partlamada bäş adam ýaralandy

Türkiýäniň günortasyndaky Adana şäherinde köçe-ýaka bombanyň partlamagy netijesinde polisiýanyň awtobusynyň içindäki bäş adam ýaralandy. Bu barada döwlet mediasy habar berýär. Ýerli häkim Mahmut Demirtaşyň “Anadolu” habar agentligine beren maglumatyna görä, 25-nji sentýabrdaky hadysa “öý şertlerinde ýasalan partladyjy ýa-da başga görnüşli bomba” sebäpli ýüze çykypdyr. Demirtaş ýaralananlaryň biriniň polisiýa işgäri bolandygyny, emma olaryň hiç birine uly şikesiň ýetmändigini aýtdy. Hüjümiň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Gazak žurnalisti töhmet atmakda günäli tapylyp, 34 aý türmä höküm edildi

Gazagystanyň günortasyndaky Sarýagaş şäheriniň sudy žurnalist Amangeldi Batyrbekowy töhmet atmakda günäli tapyp, iki ýyl we 10 aý türme tussaglygyna höküm etdi. 23-nji sentýabrda sud Batyrbekowy ýerli bilim resmisi Bahtyýar Abdiýewiň mertebesini we abraýyny kemsitmekde günäli tapdy. Batyrbekow özüniň Facebook hasabynda “Kelesdäki samsyklyk” ady bilen maglumat ýerleşdiripdi. Batyrbekowyň aýaly Gulzada Baýmuradowa Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde suduň kararyna şikaýat etjekdiklerini aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Tramp BMG-de Eýranyň “repressiw” režimini tankytlady

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp BMG-niň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda Eýran babatyndaky alyp barýan syýasatyny goldap, dünýäniň ähli döwletlerini Eýrana garşy hereket etmäge çagyrdy. “Dünýäniň parahatçylyk söýüji ýurtlarynyň häzirki wagt ýüzbe-ýüz bolýan iň esasy howplarynyň biri bu – Eýranyň repressiw režimidir” diýip, Tramp 24-nji sentýabrda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda çykyş etdi. Tramp Eýran resmilerini “ahrysoňy eýranlylary ilkinji orunda goýmaga” çagyrdy. Şeýle-de, Tramp Eýran... Читать дальше...

Azathabar.com 

Pakistandaky ýer titremede azyndan 22 adam öldi

Pakistanyň gündogar sebitlerinde 5.8 bal derejesinde bolan ýer sarsgynynda azyndan 22 adam öldi, başga-da 300-si ýaralandy. ABŞ-nyň Geologiýa Gözegçilik merkeziniň beren maglumatyna görä, ýer titremäniň episentri dawaly Kaşmir sebitiniň Pakistan tarapyndan dolandyrylýan bölegindäki Mirpur şäherinde bolupdyr. Sebitdäki pakistan resmileri tebigy hadysada 22 adamyň, şol sanda aýallaryň we çagalaryň hem heläk bolandygyny aýtdylar. “Resmiler ilaty çadyrlar, iýmit we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edýärler” diýip... Читать дальше...